Salam arzylylar! Ýürekdeş söhbedimiz Siziň bilen bilelikde dowam edýär. Bu gün saýtymyzyň zehinli şahyry, käbir ýaş şahyrlaryň halypasy, meşhur @Pegas bilen söhbetdeş bolarys. Söhbetdeşligi "Massimus production" telewizora çykmak üçin adyny üýtgedýän türkmen aýdymçylarynyň (käbirleri familiýasynam üýtgedýär, ýa öýlenip aýalynyň familiýasyna geçýälermi) gerek bolsa atasynyň adynam üýtgedip berýän guramasy geçirer.
Soraglarymyza mümkin boldugyndan jogap bermegiňizi haýyş edýäris!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Poeziýa näme? Goşgularda kapyýa, bogun sazlaşygy, okalyş yzygiderligi nä derejede möhüm?
3. Sizi ertir.com döwründen bäri gaýybana tanaýan. Mukam Muhamow dostuňyz we halypaňyz. Hatda "TDU meniň armanym" diýen goşgyňyzda okuwa girip bilmändigiňizi, ýöne Mukamyň girenini eşidip ýürekden begeneniňizi ýazypdyňyz. Mukamam özi girmän Siz gireniňizde hasam begenjegini aýdypdy. Bu dostluga gözüm gidýärdi. Ýöne Kerim Hally hem öz kitabynda goşgy ýazmakda esasy halypasy Mukam diýipdi. Diýmek, Kerim Hally bilen meňzeşräk ýerleriňiz bar. Ýöne, şu ýerde Size iki soragym bar. Näme üçin Sapa Hommadow Kerim Hallyýew ýaly meşhur däl we özüňizi ondan zehinli hasaplaýaňyzmy?
4. Moderleriň aýlygy ýa-da girdejisi näçeräk? Eger syr bolmasa...
5. Admin dirimikä, hat-petlere umuman jogap berenok. Moderler @Abaddon nikden (umuman adminiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýälermi?) girip bilýälermi?
6. Şahsy durmuşyňyz barada iki agyz...
7. Halypalaryňyz we şägirtleriňiz barada gürrüň beräýseňiz?
8. Sizi saýtda sallah diýip okapdym. @Pegasyň idealyndaky zenan nähili bolmaly?
9. Agzalara hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz?
10. Soňky döwür goşgy ýazmany azaltdyňyz. Sebäbi boş wagt azlygymy ýa ylham bilen araňyzda problema barmy?
11. Ýene bäş ýyldan @Pegasy nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
12.Sizi öň sypaýy, mylaýym ýigit hökmünde tanaýardym. Ýöne häzir agras, gaharjaňrak, sowukgan ynsan bolupsyňyz. Munuň sebäbi aklyň goýalyşmagymy ýa-da...
13. "Ýürekdeş söhbediň" indiki sanynda kimi görmek isleýärsiňiz?
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, döredijilik ýolunda Size uly-uly üstünlikler arzuw edýärin! Gatnaşmaga razylyk bildirenligiňiz üçinem sag boluň!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Saksofonist tarapyndan 7-08-2022, 10:33

  • yusupahmet12 yusupahmet12 off № 1 7 августа 2022 11:33
    Hany bakaly, Pegas näme jogap bererkä? Ýone, Admin poema doretmek niýetiň barlygy~ýoklugy barada~da sowal goşaýmaly eken. Epiki ýa~da liriki poema.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 2 7 августа 2022 11:37
    1. 30.03.1992ý. Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçesinde doguldym. 2009-njy ýylda orta mekdebi tamamladym. 2014-2019-njy ýyllar aralygynda S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny türkmen dili we edebiýat hünäri boýunça tamamladym. Häzir orta mekdepde mugallym.

    2. Poeziýa — duýgularyň önümi. Goşgularda kapyýa, bogun sazlaşygy, okalyş yzygiderliligi möhüm, ýöne bular birinji nobatdaky zatlar däl. Ilkinji nobatda awtoryň ruhy ahwalyny, duýgusyny nädende göwnejaý ýetirip biljekligi möhüm.

    3. Mukam Muhamow — dostum, hawa. Ýöne men oňa hiç haçanam halypam diýmändim. Şu babatda meni biri bilen bulaşdyrdyňyz öýdýän. “TDU — meniň armanym” diýen goşgym ýok sebäbi. :)) Mukam bilen tanyşamda ol eýýäm talypdy. Kerim bilen ýeketäk meňzeşligimiz ikimiziňem horlugymyz bolaýmasa. :)) Meşhurlyk babatda bolsa, mümkin, reklama, sosial mediýa rol oýnaýandyr. Bilmedim. Zehinlilik babatda hem pylan diýip biljek däl. Oňa sowatly okyjyň özi karar bersin.

    4. Moderatorlarda aýlygam ýok, girdejem ýok.

    5. Menem edil beýleki agzalar ýaly, admin @Abaddon bilen diňe şu saýtda, şahsy hatda habarlaşýan. Garaz, artyk maglumatym ýok.
    Ýok, adminiň niginden moderatorlar girip bilenok. Moderatorlarda adminiň hemme müm­kin­çi­ligi ýok.

    6. Üýtgeşik däl. Üç oglan doganyň ortanjysy, öýlenmedik. Kakamam mugallym. Ejem — öý hojalykçy. Bolany.

    7. Halypa hasaplaýanlarym kän däl. Şahyr Seýitmyrat Geldiýew döredijilikde hem, durmuşda hem iň kän goldaw beren, goldan, goldaýan halypam. Ýazyjy Kakamyrat Ataýew hem şeýle. Döredijilikde bir zatlar öwrenip bilen bolsam, esasan, şu iki halypama minnetdar. Şägirtlerim ýok.

    8. Idealymdaky zenan: ahlak taýdan arassa, häsiýet tarapdan ýakynlary bilen alçak, ýatlar bilen agras, sowatly, bilimli bolmaly. Galyberse-de, owadan bolmaly. ;))

    9. Agzalara hökman aýtmaly diýýän zadym: özbaşdak pikirli adam bolmagy başaryň. Kimdir biri hakda, hatda, iň ýakyn dostuňyz bir zat aýtsa-da, özüňiz şaýat bolmazdan netijä gelmäň. Eger özlügiňizi ýitirseňiz, onda siz özbaşdak hormata hem mynasyp bolmagy başarmarsyňyz.

    10. Ylham ýok. Ýazyp bilemok.

    11. Saçy hasam seýreklän, hasam dymma bolan Pegas göz öňüme gelýär. Bolany.

    12. Töweregiň täsiri bolmagam ahmal. Indi özümi alyp barşym garşymdaky adamyň maňa kimligine görä üýtgeýär. Garaz, häsiýetim, hereketim “adam saýlaýar”.

    13. Indiki sanynda @AppEdit agza çagyrylaýsa.

    14. Köp sag boluň, size hem iň oňat arzuwlar!
    Jogap
  • Kind_boy™ Kind_boy™ off № 3 7 августа 2022 11:38
    Pegas sozun manysy name onam bir yatlap gecay
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 4 7 августа 2022 11:39
    yusupahmet12
    Hany bakaly, Pegas näme jogap bererkä? Ýone, Admin poema doretmek niýetiň barlygy~ýoklugy barada~da sowal goşaýmaly eken. Epiki ýa~da liriki poema.

    Men asylam uzyn eserleriň aşygy däl. Poemany-ha hiç haçanam söýmändim.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 5 7 августа 2022 11:40
    Kind_boy™
    Pegas sozun manysy name onam bir yatlap gecay

    Pegas (Pegasus) — ganatly mifiki at. Ylhamyň simwoly hasaplanylýar.
    Jogap
  • Kind_boy™ Kind_boy™ off № 6 7 августа 2022 11:42
    Pegas diyip yyldyzam bar dami(yalnysmasam)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 7 7 августа 2022 11:47
    Şeýdiýsenaýthow, "TDU — meniň armanym” ćynmyka oydup şutaýsy şok boldum)))

    Mikrofony maña da beriñ:

    Şahyrlyk ýa ýazyjylyga işleyan kariñ tasir edýarmi?! Okanlarñyzdan gorenlerñizden aýtsañyz. Geljekde ýazyw pozuw bn meşgullanmak isleyanler sizçe saýljak-okajak karini hem oýlanşykly saýlamalymy?!.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 8 7 августа 2022 11:48
    Uzak goşgy hat da tebigatyñ ozunde de yok diyyami "Gargañ" awtory (ady dilime gelenok)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 9 7 августа 2022 11:56
    Ötegçi
    Şeýdiýsenaýthow, "TDU — meniň armanym” ćynmyka oydup şutaýsy şok boldum)))

    Mikrofony maña da beriñ:

    Şahyrlyk ýa ýazyjylyga işleyan kariñ tasir edýarmi?! Okanlarñyzdan gorenlerñizden aýtsañyz. Geljekde ýazyw pozuw bn meşgullanmak isleyanler sizçe saýljak-okajak karini hem oýlanşykly saýlamalymy?!.

    Käriň täsiri ýok, meň pikirimçe. Diňe mümkinçilikleriň täsiri bar.
    Jogap
  • Soho Soho off № 10 7 августа 2022 13:13
    onki Friendship bn hazirki Pegas-yn tapawudy namede?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 11 7 августа 2022 13:17
    Soho
    onki Friendship bn hazirki Pegas-yn tapawudy namede?

    Friendship sadady, Pegas — ugruny ýitiren...
    Friendship'de arzuwjyklar, maksatlar bardy, Pegas'da armanlar, ahmyrlar bar...
    Jogap
  • Milana Milana off № 12 7 августа 2022 13:36
    Şöhratparazlygy ýok Pegasyň. Köpden bäri tanaýan. Oňa iň gowy maslahatçy diýseň has ýerlikli bolýa. Tanaýşyma görä, köp zatlar aýtsaň boljak welin, Pegas öwgüni halamaýa.
    Jogap
  • Kleopatra Kleopatra off № 13 7 августа 2022 13:36
    Yetmek isleýan nokadyňa yetdiňmi we ol name?!Eger yetmedik bolsaň name pasgel beryar?! In gyzykly yeri hem yetmek uchin hereket edyanmi birden yetman olayseň..?!
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 14 7 августа 2022 13:39
    Kleopatra
    Yetmek isleýan nokadyňa yetdiňmi we ol name?!Eger yetmedik bolsaň name pasgel beryar?! In gyzykly yeri hem yetmek uchin hereket edyanmi birden yetman olayseň..?!

    Ýetmedim. Nämedigini aýdyp biljek däl. Ýetmek üçin häzir hereket edemok, indi etjek. Birden ýetmän öläýsem...
    Jogap
  • Kleopatra Kleopatra off № 15 7 августа 2022 13:40
    Pegas,
    Hawa hawa dowam et dowamyna garashyan))
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 16 7 августа 2022 13:58
    Kleopatra
    Pegas,
    Hawa hawa dowam et dowamyna garashyan))

    Dowamy ýene 7-8 ýyldan, jora)
    Jogap
  • Saksofonist Saksofonist off № 17 7 августа 2022 14:39
    Agzalar! Pegasa üýtgeşijek, gyzyklandyrýan soraglaryňyz ýokmy?
    Jogap
  • Saksofonist Saksofonist off № 18 7 августа 2022 14:43
    Pegas,
    Jogaplaryňyza köp sag boluň
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 19 7 августа 2022 15:07
    Hacan duzeljek Pegas?)
    Jogap
  • Kleopatra Kleopatra off № 20 7 августа 2022 15:36
    Nairobi
    Hacan duzeljek Pegas?)

    Öýlenende sen yaly ýamanja gelin alanda)
    Jogap
  • Oksimiron Oksimiron off № 21 7 августа 2022 15:41
    Ötegçi,
    Edgar Allan Po
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 22 7 августа 2022 15:52
    Kleopatra,
    Men gowja
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 23 7 августа 2022 16:15
    Oksimiron?sagbol!?
    Jogap
  • Granger Granger off № 24 7 августа 2022 17:17
    Näme üçin "Pegas"? we
    Näme üçin "Sapa"?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 25 7 августа 2022 17:32
    Nairobi
    Hacan duzeljek Pegas?)

    Öýlenemde, sen ýaly ýamanja gelin alamda)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 26 7 августа 2022 17:34
    Granger
    Näme üçin "Pegas"? we
    Näme üçin "Sapa"?

    Gulaga ýakymly we мужской род'da; :)
    Sebäbi Wepaň inisi :)
    Jogap
  • Seri Seri off № 27 7 августа 2022 17:51
    Gulluk etdiñmi?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 28 7 августа 2022 17:59
    Seri
    Gulluk etdiñmi?

    Ýok. Institutda 5-nji kurs wagtym 27 ýaşymyň dolanlygy sebäpli harby bilet aldym.
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 29 7 августа 2022 18:07
    Salam Pegas! Size menden soraglar:
    1. Sizde baryna şükür edýän we sizde ýokdugyna gynanýan zadyňyz?
    2. Sizde köplenç gynanan wagtyňyz ylham gelýärmi ýa-da begenen wagtyňyz?
    3. Goşgularyňyzda "melek" sözüni köpräk ulanypsyňyz, "Melek" sözüni gowy görýäňizmi?
    4. Sizi begendirip biläýjek ýönekeýje ýagdaýlar?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 30 7 августа 2022 18:11
    senyorita.
    Salam Pegas! Size menden soraglar:
    1. Sizde baryna şükür edýän we sizde ýokdugyna gynanýan zadyňyz?
    2. Sizde köplenç gynanan wagtyňyz ylham gelýärmi ýa-da begenen wagtyňyz?
    3. Goşgularyňyzda "melek" sözüni köpräk ulanypsyňyz, "Melek" sözüni gowy görýäňizmi?
    4. Sizi begendirip biläýjek ýönekeýje ýagdaýlar?

    Salam.
    1. Akyl-huşuň barlygyna şükür edýän we erkiň ýokdugyna gynanýan.
    2. Gynanan wagtym.
    3. Hawa.
    4. Öwgi :))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler