Статьи по выбранной дате

Bagtly bol dost!

Bir mahallar şeýle ýakyn jana-jan dostlar bolupdyr.Olaryň biri garyp birem baý bolupdyr.Bir gün baý söýgülisi bilen kafe gidipdir,bir oglan söýgülisine lak atýa düşünşsizlik sebäpli ony öldürýär.Polisýa üýşüp başlaýar.Baý garyp dostuna jaň edip ýagdaýy düşündirýär.Garyp "garaş barýan" diýip trupkany goýýar we barýar.Hemme zady öz boýnuna alýar.Ol oglany 26 ýyl azatlykdan mahrum

Paş eder seni

Içki syryň aýtma her bir namarda, Syryň ile ýaýyp, paş eder seni. Ogry-kezzap bilen obadaş bolma, Malyňdan aýyryp, aç eder seni! Sam-sam adam bilen oturma, turma, Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma. Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, Barsaň, depesine täç eder seni! Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa, Jemalyny bir görmäge zar bolsa. Aralykda bir şum rakyp bar bolsa, Ýagşy dostuň bilen öç eder seni!

Eneme

Eneme Aglap-eňräp, uly dünýä gelemde, Ene mähri bilen diňdirdiň meni. Dilsizdim, derdimi gözümden aňlap, Halal ak süýt bilen emdirdiň meni. Ine, indi başym aman, janym sag, Uzadan ýerime ýetip dur elim. Ýöne şol gazanan ýüz müň zadymyň Togsan dokuz müňün sen berdiň, enem! Ak gar büräninde ýeriň ýüzüni, Çapgyn şemal eger doňdursa tenim, Derdimiň dermanyn daşdan gözlemen, Derdimiň dermany-seň

Romanslar barada

Romanslar —15-16 asyrlarda Ispanýada hem dartgynly, owadan söýgi pursatly, drama häsiýetli, taryhy rowaýatlary ýadyňa salýan, ýa bolmasa, batyrgaýlygy, gahrymançylykly, ölmez-ýitmez söweşlerdäki şöhratly gadamlary, urşyň yzasyny, ýitgisini, Ene nalasyny açyp görkezýän eserler bolupdyr. Bu bolsa ispan romanslarynyň balladalarynyň juda aragatnaşyklydyklaryny görkezýär. Ýöne, bularyň ikisiniň-de
0

BARBAROS köpbölümli film hakynda

Deňiziň eleşan eşikli, baýdaklarynda Adamyň kelle çanagy we atanak görnüşli gylyçlary şekillendirilen, äpet gämili garakçylaryny, piratlaryny täzeden janlandyryp ekeranlarda goýberiljek köpbölümli kinolaryň biri hem Barbarosdyr. Türkiýanyň taryhyny janlandyrýan türk kanallarynyň biri bolan TRT1 kanalynda indi görkezilmegine garaşylýan ''BARBAROS'' filmi hem muşdaklarynyň

"Her bir kynçylygyň ýanynda ýeňillik bardyr"

Eý, adam ogly, açlygyň soňunda dokluk, teşneligiň soňunda ganmaklyk, ukusyzlygyň soňunda rahat ýatmaklyk, hassalygyň soňunda saglyk bardyr. Gaýyp adam gaýdyp geler, azaşan ýoluny tapar, kynçylyklar çözüler, tümlük perdesi syrylar. "Belki, Allatagala bir üstünlik-ýeňşi ýa-da öz ýanyndan bir ajaýyp işi hasyl eder". Gijelere buşla, agaryp gelýän daň bu garaňkylygy daglaryň başyna we

Tankyt-teýenä döz gelmek

Gününden nägile, Allanyň berenine näşükür, nygmata bigadyr adamlar rysgal beriji we etjek işini anyk bilýän Beýik Ýaradandan hem närza bolup, Biribardan zeýrenýärler. Ýeri, onsoň ýazygy, günäsi çökder bolan ikimiz ýalylar şeýle adamlardan nämä garaşsyn? Olara gulak gabartjak bolsaň, onda durmuşyňy uruş bilen ötürmeli bolýarsyň. Olaryň ajy, hiç hili rehim-şepagaty, geçirimliligi, pälinden gaýtmyşy
-1