"Hantagta terbiýe".Ýumrugyň sebäbi nämede?
Bugün hemmäniň agzy pälwan:uly-uly gürläp,bar meselede töwerekdäkileri,syýasaty,hökümedi,ölenleri,dirileri,palançylary,pismidançylary günäkärleýäs."Adamlar beýle,adamlar eýle" diýýäris(özümizi adam hataryna goşmaýarysmy,bilmedim),hiç şu meselelerde hemme hatary özümiziň hem günämiziň bardygyny,şu meseleler kök urýan wagtynda ýa hakykaty aýtmakdan gorkup,ýa-da nalajedeýinligimiz sebäpli bir çetde bukulup ýörenligimizi boýun alasymyz gelmeýär.Umuman,günäkär töwerekden gözlenýär.Şeýle bolmagyna bolsa...bizi terbiýelänler,ene-atalarymyz sebäpkär diýsem,garşy bolmaga howlukmaň.Terbiýede ýol berilen säwilikler köp bolýar we bu säwilikler(ýalňyş hökmünde görülmeýändigi üçin hem)nesilden-nesile miras bolup geçýär.
Meselem,aýdaly körpäňiz tötänden ýykylyp,kellesini hantagta(çaý içilýän stol)urduda,agyrydan aglamaga başlady.Siz näme edýäňiz?Ony köşeşdirmek,ünsüni sowmak üçin hantagtany günäkärleýäňiz:
—Şu urdumy seni?Şumy?
Çaga biygtyýar muny tassyklaýar(biçäre näme etsin,hemmesini görüp-bilip duran ullakan adam hantagta töhmet atyp durandan soňra!)Tassyk jogapdan soňra siz göýä hantagtany jezalaýaňyz—ony tak-tak urup,gaýtalaýaňyz:
—Ynha saňa!Ine saňa!Ýene meniň çagamy urarmyň,hä urarmyň?...
Ýa-da şol wagt körpäniň agasy ýa gyz dogany şol töwerekde bolsa,ol betbagt töhmet obýektine öwrülýär.Oňa gözüňizi gyrpyp,körpeden soraýaňyz:
—Seni agaň (gyz doganyň) urdumy?...
Çaga derrew muny tassyklaýar(oňa barybir,kellämi özüm urdum,diýmese,ýagny günäsini boýnuna almasa bolany).Siz biçäre dogany ýalandan urup goýýaňyz:
—Hä senmi,doganjygyny urýan!Ine saňa!..Ine!..Al paýyňy!..
Doganynyň taýak iýenini gören körpeje derrew köşeşip,aglamasyny goýýar.
Edil şol wagtda siz çagaňyza günäkäri töwerekden gözlemek barada terbiýäni berýäňiz.
—Çagajygym,görüp durun,kelläňi hantagta özüň urduň.Munda özüňden başga hiç kimiň günäsi ýok:doganlaryň öz oýny bilen gümra,hantagta hem öz ýerinde dur.Sen gözüňe seredip ýöremäniň üçin ýykylyp,oňa kelläňi urduň.Mundan soňra seresap bolup gez-diýseňiz, bar zat ýerbe-ýer bolaýjak ýaly!Ýok.Çünki, siz hem ene miras "terbiýe usullaryndan"peýdalanýaňyz.
Gysgaça,ýatladasym gelýär,ejesine eljiräp hantagtany günäkärleýän ýaşdan bireýýam geçip,danalara gulak asmaly ýaşa ýetdik.Danalardan biri Möwlana Rumynyň aýdyşy ýaly:"Akylly adam iýen ýumrugynyň eýesini däl,sebäbini gözleýär..."
P.S.:hikmetdäki "akylly adam" diýen ýerini "uly adam" diýip okalsa,ýenede düşnükliräk bolardy.
Awtor:Dilfuza Komil
.....
Täzelikler,
Dowsypat.
tarapyndan
14-10-2024, 01:03