Näme üçin şapak wagty asmanyň reňki üýtgeýär?
Günüň batyşyna tomaşa etmegiň jadylaýjy täsiri bar. Syýahatçylar şol pursata tomaşa etmek üçin deňiz kenary, dag gerşi ýaly Günüň gyzaryp batýan sebitlerine barýarlar. Günüň ýaşmagy bilen peýda bolýan göze ýakymly bu ajaýyp tebigy görnüş, ruhy dynçlyk we rahatlyk berýär. Gün batanda şapak gyzaryp gök asmanda gyzyl reňkli ýaýraň ýalkym emele gelýär. Gijesine asmanyň reňki gara hem garaňky, ýöne