Boljak ýigit ýaşlykdan, Ol owwal başda bellidir; Ula-kiçä özün aldyr, Deň bilen duşda bellidir. Birewe ýoldaş bolanda, Gatnaşyp, gardaş bolanda, Ýagşy-ýaman iş bolanda, Çyn dost geňeşde bellidir. Bir niçe adam çen bilen, Çeni gatadyr çyn bilen, At tanatdyrmaz syn bilen, Ýüwrük ýaryşda bellidir. Köp goşun başlan serdarlar, Mert kişiler gider barlar, Namart gury öýde gürlär, Batyr söweşde bellidir.
Dünýä gowy ezilmekden ýaňa üşäp ugrady. Ýerinden turup, özüniň näme edýäninem bilmän, yzyna—milisiýanyň jaýyna dolanyp bardy. Durşy bilen öl-myžžyk bolan gyzy görüp, sülçi oňaýsyz ýagdaýa düşdi. —Siz kesellärsiňiz, çalşyrynyp geläýmeli ekeniňiz. Gyzyň öl bolan zülpleri ýüzüne ýelmeşip, ony has-da naýynjar görkezýärdi. Eşikleri endamyna ýelmeşip durdy. Gözleri bolsa ahmyr bilen gussadan doludy.
Şol günem ýagyş badyny gowşadaýyn diýenokdy. Dünýä diýseň ýeňil gopýardy. Şadyýandy. Klasdaşy Berdiniň özüne ýazan söýgi hatynyň setirlerini içinden öwran-öwran gaýtalaýardy. „Seni ýeke salymam gözümden salasym gelenok...“ Ýigidiň haty ony barha joşdurdy. Aýdyma zowladyberesi gelýärdi. Sebäbi Dünýäniň özem ähli klasdaş ýigitleriniň içinden boýy-syraty bilenem, görk-görmegi bilenem saýlanyp duran
Sülçi gyza seredip oturyşyna birsyhly dymýardy. Ol göýä, bolan waka üçin Dünýäniň hut özüniň karar çykarmagyna garaşýan ýalydy. Dünýä sülçini yryp bolmazmyka diýen niýet bilen ýene-de oňa ýalbaryp ugrady: —Men ony basdyrmak islämok, siz düşüniň şuňa! Hemmesi gahardan boldy, gahardan... Gahar erbet zat ahyr! Oňa zat diýmäň! Haýyş edýän! Berdide jinnek ýaly-da günä ýok! —Howlukmaň! Bar zady
Sen günäkär däldiň Ol milisiýanyň jaýyna girip, koridoryň ugry bilen başyny aşak salyp barýardy. Nämedir bir iş bilen gelenlerem, bu ýerde işläp ýörenlerem juwan gyza geň galmak bilen seredişdiler. Ählisiniň ýüzündenem „Ulugyz halyna ol bi ýerde näme işläp ýörkä?!“ diýen manyny okamak boljakdy. Dünýä hiç kime üns bermän, mundan bir hepde öň gelip, öz eli bilen arza ýazyp giden otagynyň gabadynda
Aýallaryň bary oňa el serdiler: —Gel, maňa geläý, Myrat jan, eçje gelýär häzir! Ol birbada sesini çykarmady. „Diýilýän zatlar çynmyka ýa-da ýalanmyka?“ diýýän ýaly, her kimiň ýüzüne bir nazar aýlap, gözlerini elek-çelek etdi durdy. Soň kellejigini iki ýana ýaýkap: „Ýok“ diýen yşaraty etdi. Tawus ony gujagyna almaga synanyşdy: —Men seniň ejeň ahyry, balam, gel, maňa geläý! Ol Tawusa-da barmady.
Hernäçe höre-köşe etselerem, ony diňdirip bilmediler. —Sizi hakyt ýat görýä-dä, gyz!—diýip, Suraý daýza agtyjagynyň bolşuna hem gynanyp, hem ýylgyryp durşuna ýüregini elendirip gepledi.—Doktordyr öýdýämi-nämemi.. Doktorda köp ýatyp, ýürejigi gitdi-dä... Ýogsa-da, başyňa gyňaç oraý sen, Tawus! —Wah, balajygym, doktora-da düşdümi?!—diýip, aglamjyrap ýörşüne Tawus gaýynenesiniň gyzyl öýmesini tapyp
Bigünäniň ýakylyşy (nowella) Student ogul bilen gelni Suraý eje güler ýüz bilen garşylady. Agtyjagy Myratjygy dessine bagryna basdy. Öýüň töründen derrewem sallançak gurdy. Ogludyr gelniniň yzyna gitmeli güni öňem telim gezek gaýtalan zatlaryny gaýtalady: —Süýtden gandyr-da, ukladypjyk git, gelin jan, özüňem ynjalykly bolarsyň! Tawus şeýle-de etdi. Hernäçe ynamly golda goýup gidýänem bolsa,
Dürli sesde çykýan eýmenç gülküler gijäniň tümlüginde dünýäni gök gürleýäne dönderdi. Annaguly nämäniň-nämedigine göz ýetirip bilenokdy. Edil ýanjagazynda ona golaý pyýada aý berip durdy. Elleri tüpeňlidi. Jaýtaryşyp duran murtlary, gaba telpekleri, gödek hereketleri olaryň han atlylaryndan başga hiç kim däldigine güwä geçýärdi. Şol wagt bir ýerden Zybanyň sesi eşidildi: —Annaguly! Ýigit gop
Asmanda Aý – Çagakam elimden uçuran şarym. Ömürbaky Aýa bakan, el uzadyp ýaşaryn… Musaýy buthana barýar, Metjide barýar musulman Ýalbarýarlar bir Hudaýa. Ikisi bir dine sygman. Men garaňky köçede, Ellerim serýän Aýa. Özüme jaý gurundym karzyna. Ýaşamadym. Ýaşadylar. Asman başymy çaýkaýa. Depämde üýşen ýyldyzlar Mekan gözleýär göçere. Ellerim serýän Aýa. Kalbyma gondy gijeler, Haýry ýok