Статьи по выбранной дате

Jedel (hekaya 2-nji bölüm)

Hommadyň ulagyndan düşüp, iş otagyna girensoň, Babajan ýaşuly kärdeşleriniň beren gürrüňleriniň täsirinden çykyp bilmän, içki duýgusyny daşyna çykardy: —Telpek goýdum-aý size! Hasam, Aşyr agaň düşen ýagdaýy täsin eken. —Görýäňmi, Hommat, bu ýigit diňe biziň ýaňkyja gürrüňlerimize haýran galyp otyr. Eger özi biziň ornumyzda galanlygynda näderdikä?!—diýip, Aşyr Hommada ýüzlendi. Aşyryň bu sözleri

Jedel (hekaya 1-nji bölüm)

(Hekaýa) —Arakesme wagtam-a boluberipdir—diýip, bölüm başlygy Hommat diwarda asylgy duran sagada göz aýlansoň, işlerine gümra bolup oturan kärdeşlerine sala saldy. —Hawa, arakesmä çykybersegem bolýa indi. —Bölümiň baş hünärmeni Aşyr öňündäki hat-peteklerini bir çete süýşürdi. —Naharhanada garbanamyzsoň, dowam etdiribiris-dä işimizem. —Seň, näme, toý sadakasyna gitmek hyýalyň ýokmy?—diýip, Hommat

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 9-nji bölüm

Jemiläniň Soltangüldür öýdüp, onuň ejesini bogup gaýdan gününiň ertesi Jemiläniň keselhana salnanyny eşidip, Ýusup maşgalasy bilen öýüne dolanyp geldi. Maşyndan düşenden, Soltangülüň gözüne del düwünçek ildi. Ol Jemiläniň köýneklerini salyp, soň ýadyndan çykaryp giden gara ýüň gyňaçly düwünçegidi. Soltangül düwünçegi aýagy bilen depip, köçä tarap pyzdy. Öz yzyna tirkäp gelen ogly Ýarana ýüzlendi:

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 8-nji bölüm

Jemile zyr däli diýer ýaly däldi. Ol aňynda Ýusup bilen bileje geçiren pursatlaryny birsyhly ýatlap bilýärdi. Soltangülem unudanokdy. Ýöne özbaşyna aldygyna samraýardy. Samramasyny gün geçdigisaýy artdyrýardy. Bir günem ol Soltangülden ymykly ar almagy niýetine düwüp, ýola çykdy. Ýusubyň maşynyny garawullady. Maşynda Ýusubyň diňe özi bolan halatlary ýoluň gyrasynda durup, onuň yzyndan bakyp
16

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 7-nji bölüm

—Gaýynesi ýalan sözlemez, Ýusup Soltangülüňem saçlaryny hökman darap berýändir... Ol meňňem saçlarymy daraýady... —Jan jigim, o heleý ýalan sözleýä, öz gyzyny öwmek üçin şeý diýýä. öz gyzynyň halanmaýanyny bilip şeý diýýä ol. Ogulbike bilen seniň eden gürrüňiň üçin, ar almak üçin diýýä ol! Ýusup seň saçlaryňy darasa-da, Soltangülüňkini daramaz. Onuň sypaty ýürek alar ýalymy! Saçy dagy näteňet!
17

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 6-nji bölüm

Jemile has tukatlandy: —Göwnüme bolmasa, Allanyň şol güni meň maňlaýymda ýok ýaly. —Toba edeweri —diýip, Gunça jorasyna igendi. —Nesipli güni bardyr, işşalla! Gunça soňra haýsydyr bir garyndaşlarynyň sekiz ýyldan soň, ýene bir tanyşlarynyň-da on üç ýyldan soň çagasynyň bolanyny aýdyp berip, Jemiläni birneme köşeşdirdi. Jemiläniň önelgesiz gezip ýörenini Gülsoltan daýza-da diýseň alada edýärdi.
18

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 5-nji bölüm

Jemile babatda-ha Täçjemalda ýene bir pikir bardy. Eger adamsy razy bolsa, Jemiläni öz yzyna tirkäp gelen ogly Goşa dakaýmak hakda-da pikir edýärdi. Şeýtse, ol Jemiläniň tä ömri ötýänçä öýünde hyzmatkär boljagyny bilýärdi. Täçjemalyň sesini çykarman, öýüne girip gitmesine Gülsoltan daýza ýüzüne urlan ýaly boldy. Ol birbada näme etjegini bilmedi. Sadylla bolup, biraz durdy. Şol wagt hem mellekden
17

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 4-nji bölüm

Öweý ejesiniň sözlerine Jemiläniň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. «Waý, men aýtdym-a görerler diýip, aýtdym-a» diýip, içinden gynanç bilen gaýtalady. «Indi meni näderkäler?» Jemile sesini çykarmady-da, öweý ejesiniň ýanyndan aýlanybrak geçiberdi. Täçjemal onuň haltasyndan itip goýberdi. Haltanyň agramyna büdräp, Jemile ýykyldy. Halta-da gapdala togalandy. Jemile hasanaklap galyp, haltany
17

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 3-nji bölüm

Gunça haty okap bolup, ýylgyrdy: —Bä, illeriň söýgüsini! Jemile utanyp, aljyramadan birbada näme edýäninem bilmedi. Iki eli bilen ýüzüni tutdy. «Ýusup!» diýip, hyýalynda gaýtalady. Pagta ýygymy döwründe onuň öz fartuklaryny daşamaga kömekleşýän pursatlary göz öňüne geldi. Birdenem, özünem öweý ejäniň irginsiz iňirdilerinden, hyzmatlaryndan dyndarjagyň baryna begenmeden ýüregi ezildi. Gözowalaryna
16

GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 2-nji bölüm

Öýleriniň gabat garşysyndaky däl-de, mellekleriniň aýak ujy tarapyndaky goňşulary Gülsoltan daýza Jemilä aýratyn-da mähir berýärdi. Ol pagta ýygymyna çagalaryna kömekleşmek üçin barardy. Jemilä-de paýy mydama öz ýanyndan alardy. Jemile klasdaşy Gunça bilen paýdaş bolardy. Gülsoltan daýza dagy köplük bolansoň, paýlaryny derrew bolardylar. Soň ol Jemiläni ýanyndan goýmajak bolup, oňa kömek ederdi.
17