Tanyş adamlarym, Tanyş gözlerim, Howa, ot, suw– ýaşaýyşda kürek siz. Ülüşi siz «il», «halk» diýen sözleriñ, Depäm üzre asman deýin gerek siz. Biriñiz–obadaş, Biriñiz–işdeş. Ildeşim siz, alyslarda sataşsam. Hemmäñiziñ didaryñyz mukaddes– Sada ýüregiñiz çogly ataşdan. Didäm bilen gujak açýaryn Size, Parhy ýok, haýsy dil–salamlaşsañyz. Hornatymyñ baryn seçýärin Size, Tanyş adamlarym, salamdaşlarym.
[b][/b] Gün bolup, asmana çykmak hökman däl, Ediber sen, adamçylyk borjuñy. Ýazylmadyk kanunlary çüýläpdir, Añymyza edep-paýhas horjuny. Akylly–yz goýar, akmaklar–sapak, Ýagşy–şatlyk goýar misli bir şapak, Bent goýup ýalana, ak güneşe bak, Şol bolar ykbalyñ altyny– çyny. Mähribandyr, gözüñe gök derekler, Dogduk depe harlanmaz eger-eger, Goldan gelse, hemaýat ber, medet ber, Şeýdip hakla adamçylyk
Men mydama, şeýle zada begenýän, Seýran etsem ýaşlygymyñ ýazyna. Birem, maña salam aýtsa tanyşlam– Düşüp gidýän ýatlamalañ yzyna. Men mydama, şeýle zada guwanýan– Gülüp baksa hoş niýetli dideler. Göterilýän, ýere-göge aýlanyp, Şa ýol açýar şol bagtyýar ýodalar. Men mydama, ýeke zada daýanýan, Ýüregimi eýelese ýagşy päl. Şeri ýykyp, haýyr işe ulaşsam, Şondan gaýry kalba ganat gerek däl.
Mährem ojagyma ömür getiren, Bagtyñ özi sen ahyry geregim. Ömür kerwenime badalga beren, Seniñ özüñ, Sen ahyry, ýüregim. Döwür zormy, gül gowşurar söýene, «Ömür bormy, gam köýnegin geýene?! Ýylgyr!»–diýip, şatlyk seçen gelene, Seniñ özüñ, Sen ahyry, ýüregim. Ýadamany-ýaltanmany bilme sen, Keramat deý, sarpa goýduñ ylma sen, Galp ýüregne şygra dönen gülle sen, Seniñ özüñ, Sen ahyry, ýüregim. «Şat
Gören-bilen barmy, Kim sataşypdyr?! Dünýäñ o ýüzüni görüp gelene. Gaýda-gaýmalaşyk– artýar hereket, Ikindi silkinýär ýazyñ ýeline. Çykarÿarys ýatdan, gümra wagtymyz, Argyn pursatlardan ýagýan tozany. Oýanyp, göz açyp owurtlaýarys, Hakyñ tylla nury siñen azany. Ýöne, günüñ güni gaýtalanyp dur, Adam endik edip, bolupdyr werziş. Häziriñ–özüñki, añyrsy–tümlük, Umytly ýaşamak hökmany–parz iş.
Öñki adamlardan kim bar o taýda, Ýaş hünärmen bolup gatnan mekdebim. Diýip: «Halypalar sana goşaýsa», Çekine-çekine ätlän mekdebim. Gurbany gitdigim, «Goçgar ata», how, Saña mañlaý diräp, geçdik ençe ýol, 14-nji mekdep, ýanyñ demir ýol, Şäher durmuşynda taplan mekdebim. O günler geçipdir keýgiñ şahynda, Galypdyr ýatlama huşuñ gatynda, Şol döwrüñ gapysyn gülüp açamda, Henizem göwnümi şatlan
Salam bagyşlarsyňyz düýn geçirilen ýaryşda pul geçirip bilmedim.Belgilerňizi ýazsaňyz ýa şu taýda ýa-da şahsda 10-15 min.den geçer.Aýnur biriniň blogynda ýazypsyň senem pul berip goydurdyn diyp.Ol pullar like ü.n däldi siziň orun alanňyz ü.n.di.
Erte sorag jogap yarysyny geçirjek, her gezekkiden uytgesik, elbetde yenede Kerwen agzamyzyň adyndan. bu gezek 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar hem bar 1nji oruna - 20 manat 2nji oruna-15 manat 3nji oruna 10 manat hokman gatnasalyň Like basmagy hem unutmaň dostlar