BOLDY BIR BAŞAGAÝLYK... (Hekaýa) Mallaryna iým berip, öýüň ownuk-uşak işlerini dynansoň, Gurbangül daýza dynç almak üçin sekä geçip, dyzyny epdi. Basyryp goýan çäýnegindäki çaý bu wagt mazaly demini alypdy. Içinden: «Ajapsoltanyňam-a geler wagty boluberendir» diýibem, özüne bir käse çaý guýundy. Gurbangül daýzanyň garaşyşy ýaly hem boldy. Käsesindäki çaýy owurtlap-owurtlamanka, derwezeden
Dawut aga müýnürgäp, ýüzüni ýere saldy. Sülçi Soltanow ýene gaharlandy: —«Men günäkär däl» diýen bolýaň welin, garry, belanyň körügi sende bolaýmasa. —Men günäkär-ä däl! Ýöne äpişgäniň öňünde-de bilmän oturypdyryn. Indiden beýläk oturman... —Indiden beýläk oturmanyňda näme! Indiden beýläk gelmeli adamyň geljegini bilýäňmi sen! —diýip, sülçi Soltanow ýene Dawut aganyň üstüne jany ýangynly gygyrdy.
Uly başlygy bilen bolan gürrüňçiligi aýtmak üçin, sülçi Soltanow günälenýän maşgalany salyp goýan jaýyna bardy. Soltanowy görenden Jemile Dawudowa ýerinden galyp, delmuryjy gepledi: —Dogan jan, ejem kakama rehim ediň! Ýaşynyň soňunda bu garrylary beýdip saklamaň, öe goýberiň. Şulary goýberäýseňiz men size ähli hakykaty aýdaryn! «Bar zady aýdaryn» diýip aglasa-da, gyzyň özüne hiç bir zat
Sülçi Soltanow ýene gaharlandy: —Sen aýt onda! Kakaň näme üçin daňyň öň ýanynda eli ýarty kerpiçli seň äpişgäňi garawullady? Aýt. Gyz ýuwaş gepledi. Ýöne gaharly nazaryny sülçiniň nazaryndan geçiräýjek boldy: —O zatlary siz anyklaň. Siz sülçi ahyry! —Sülçi bolamda näme!—diýip, sülçi Soltanow bu işden hiç bir uç tapyp bilmeýänine jany ýanyp gygyrdy.—Sülçi näme Hudaýmy ähli zady biler ýaly!
—Näme, gojaňy garawullamaga geldiňmi?—diýip, sülçi Soltanow özüne gözlerini alardyp, ýigrenç bilen seredýän Näzik daýza ýüzlendi.—Getiren zatlaňňy oglanlara goý-da, öýüňe gaýt. Beýle ýagdaýda gyzyňy ýeke taşlama. —Taşlanyp geçsin şol gyz ýeke!—diýip, Näzik daýza gahar bilen gepledi.—Gojany goýbermeseň, ölsemem gitmen şu ýerden. —Јh-ä—diýip, sülçi Soltanow onuň gabadynda kürtdürdi.—Eser daýza
Sülçi Soltanow könelip giden agaç kürsini alyp, Dawut aganyň maňlaýyna geçdi. Iki elini dyzlaryna diräp oturdy-da, ýaşula ýüzlendi: —Hawa, ýaşuly, näme gürrüňiň bolsa, ine, indi aýdyber. Iki gulagym sende. Dawut aga gahardan saňňyl-saňňyl etdi: —Mende hiç hili gürrüňem ýok, bolanda-da aýtjak däl şony saňa. Sen meni näme etseň edäý, inim. Hä. Köpüm ötüp, azym galypdyr. Öňi-soňy bir başa bir ölüm.
Ol juda köp ýatdy. Heziller edip ýatdy. Ol alasarmyklykda bir naçar maşgalanyň aglamjyrap gepleýänini aňdy. Ýöne ukynyň halys basmarlaýanlygy sebäpli, naçaryň aglaýanynam aňyp bilmedi, kimdir birine käýinýäninem. Diňe naçar maşgalanyň naýynjar sesi onuň gulagyna gelen ýaly boldy. Ol bu pursat özüniň aýňalmalydygynam hakydasyna getirip bilmedi. Birdenem daşarda «düňk-düňk» edip ylgap geçen aýak
Sülçi Soltanow goltugyna gysdyrylan gara papkasyndan kagyz-galam alyp, bir salym çommalyp oturdy-da, gören-eşidenlerini belleşdirdi. Ýerden birki sany aýna döwügini alyp, papkasyna atdy. Şondan soň Dawut aga dagy bilen hoşlaşyp, yzyna dolandy. —Gyzymyzy goýberermiň, balam?—diýip, Näzik daýza boýnuny burup, gygyryp galdy. —Goýberjek borus—diýip, gidip barşyna jogap berdi-de, sülçi Soltanow yzyna
Koç:En fazla 24 saat Boga ölünceye dek.Belki oldukten sonra bile. Ikizler:30 saniye Yengec:Yillarca Aslan:evrenin sonuna dek Basak:Bir kac ay sadece Terazi;2saniye.En buyuk haltlar yemediyseniz tabii Akrep:Sonsuza dek Yay:2gun Oglak:Ozur dilemeyin bile... Kova:1yil Balik:Belki 2 ay
Koç:Huzur'dur Boga:Sadik'tir Ikizler:Gulumseme'dir Başak:Bal'dir Terazi:Can'dir Arep:Ihtiras'dir Yay:Heyecan'dir Oglak:Atarli;dir Kova;Incelik'dir Balik'Fedakarlik'dir Begenmeyi unutmayin!!!