Статьи по выбранной дате

Öñkilerim ýaly ynanjak aldañ...

Bir tawa gussany bada sygdyryp, Bir tulum duýgymy jykyra saldap, Zowk eden arzuwlam serimden uçdy, Sada hem ynanjañ göwnümi aldap. ,Betbagt" sözüni agtaryp gezdim, Asyl ýazgydymyñ baş sözi eken, Käteler garawsyz köñlümi gozgap, Ýylgyrsam kalbyma çümüp dur tiken. Gysgandylar em bolaýjak sözleri, Her ädimde azym urdy ýalñyşlam, Şowsyzlyga uçuramda käteler, El çarpyşyp, begendiler ýalñyşsam.

Namaz barada...

Allatagalynyň buýruklaryny berjay edip,gadagan eden zatlaryndan daşda durmak,Onuň razylygyny gazanmak üçin ybadat etmek her bir musulmanyň borjudyr.Mukaddes dinimiz bolan yslam dininde ybadatlaryň başy Allanyň belent adyny mertebeläp namaz okamakdyr.Namaz ynsana Allatagalanyň bendesidigini ýatladýan parz ybadatdyr.Yhlas bilen günde bäş wagt namaz okaýan adam,hemişe Allatagalanyň huzurynda bolmak