Bir wagtlar özüniň sahawaty bilen meşhurlyk gazanan Hatam Taý uly zyýapat berip, gelen myhmanlara halat-serpaý baryny ýapýar. Soňra-da bir iş bilen çöle çykýar. Görse, bir garry adam arkasynda bir petde ýandagy ýükläp barýarmyş. Ýandagyň tikenleri gojanyň endamyna batyp, persala edýärmiş. Hatam Taý oňa ýüzlenip: – Ýaşuly, Hatam Taý myhman baryny çagyryp, uly zyýapat berýär, sowgat-serpaý ýapýar.
Iki dost biri birine yuzlenyar:-Ejen mugallym bolsada sen name ucin okap yazyp bilmeyarsin?-A senin kakan dish lukmany bolsada,name ucin kicijik jigin yekeje dishem yok ?!
Angliýaly bank işgäri Tomas Konneli Humber derýasynyñ kenarynda ýerleşen Kingston şäheriniñ merkezindäki mähelleli köçede ýaşaýardy. 1987-nji ýylda onuñ aýaly Margaret rak keselinden aradan çykyp, iki çagany: ýedi ýaşly Tom bilen on bir ýaşly Brigittany adamsyna goýup gidipdi. Şol ýylyñ 9-njy iýunynda Tomas öýüne işden giç gaýdyp gelipdi. Ýerine geçip ýatmazdan öñ, ol oglunyñ otagyna aýlanyp
Täze ''Vivo X30'' smartfony heniz köpçülikleýin satuwa çykmanka, Ginnesiñ rekordlar kitabyna girizildi. Munuñ sebäbi, adamlaryñ köp mukdary şol bir ýerde bu smartfon arkaly selfi etdiler. Ýagny 546 adam ''Vivo X30'' smartfonyny Hytaýyñ Guanç£ou şäherindäki kruiz-laýneri surata düşürmek üçin teleobýektiw hökmünde ulandy. Bu smartfonyñ surata düşüriji
Käbäm Gel sen dünýäm, sypa başym, Mähriňe suwsadym, eje! Çolarypdyr degre-daşym, Mähriňe suwsadym, eje! Hüwdüleriňi diňläp, diňläp, Ýürek sesim bilmen gizläp, Söý meni ýene ezizläp, Mähriňe suwsadym, eje! Ýürek sygman gursagyma, Käte-käte batýan gama, Janym gurban, käbäm saňa, Mähriňe suwsadym, eje! Aýlanyp dünýäň ýüzüni, Ýygaly sähraň gülüni. Gel käbäm, görkez ýüzüňi, Mähriňe suwsadym, eje!
YNSANYÑ ON IKI SÜÑÑI NÄMÄNI AÑLADÝAR? Türkmen dilinde gysgadan manyly aýtgylaryň, ýagny aňlatmalaryň ýüzlerçesi bar. Ýöne söwet döwründe ol aýtgylaryň käbiriniň manylary ýoýuldy, käbiri bolsa, ýoýlup aýdylansoň, asyl manysyndan düýpgöter başga mana eýe boldy. Elbetde, manysy ýa-da aýdylyşy ýoýlan aýtgylaryň her biri hakynda aýratyn durup geçmek gerek. Mysal üçin, “adamzadyň on iki süňňi” diýlen
Süleýmanyň uly umyt baglap, yhlas edip guran “söýgüsiniň öýi” ýykylanyndan soň, ony tanar ýaly bolmady. Ol, hamana, şu dünýä degişli bolmadyk ruhlar ýaly tutuksy ýaşap ýörşüne, beýik patyşa däl-de, sergezdan rawwine (derwüşe) çalym edýärdi. Hiç bir zat ony begendirmeýärdi, öçüşen gözlerine şatlyk çaýmaýardy. Öňki ýaldyraýan gözleri ýüz dürli şöhlesini hemişelik ýitiren ýalydy. Gün-günden
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän, Gursagymda çogup duran gussa bar. Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär, Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň! Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň, Çekişeýin günleň agyr keşigin. Bolmanda, ejaza berenok hergiz Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim. Ýazjak bolýan käte başardygymdan, Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”. Belki, ýöne ýerden däldir Gijeler ýatan pilläm
Bu neneňsi durmuş, bu niçik ahwal, Ömür maňa berlen, ýöne meňki däl. Özge birniň ýazan kada-kanunna, Uýup ýaşamaklyk adatmy munda? Eginlerňi gysyp, başyňy egip, Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp. Özgäň göwni diýip, öz göwnüň döwüp, Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp, Kalbyň aram tapman çekýärkä jebir. Ýaşamagam agyr, ölmegem agyr. Belki-de bu zatlar meň göwnümedir. Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir.
Gapyrga deý etimi, Sypyrdylar, iýdiler. Garynlary doýansoň, bir gury süňk diýdiler. Itiň öňüne düşdüm, Gerekledi, gemirdi. Şu ýazanja setirlem, Maňa berlen ömürdi.