Статьи по выбранной дате

Sorag

Myhmanyň iň hormatlysy Iň uly törde. Şahyryň iň gowy sözi Diňe ertirde. Gowy goşgy, gowy kitap, Iň beýik setir, Şu günkimiz, düýnkimiz däl – Ertirkimizdir. Elmydama ertirdedir Bar zadyň beýgi. Onda näme ýok öňümde Iň gözel söýgi? Iň gowy el, iň gowy dil, Iň näzli «ýok, ýok» Yza baksam görünýär-de, Ertä baksam – ýok. Näme üçin yzda galdy Iň uly kysmat? Näme üçin ýok öňümde Iň ajap pursat?

Ýaşlyk drammasy

Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat. Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat. Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi, Gidýänler gelýänden has köpelýärdi, Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi Meniň ýigit

Aşyk ýigidiň alty haty

Sen hakda her säher pikir etmesem, Günüm ötmeýär, Maýsam. Sen hakda her agşam oýa batmasam, Daňym atmaýar, Maýsam... Güýze golaý yssy ýatyşýar weli, Söýgi ýatmaýar, Maýsam. Ýöreýän eýläk, Ýöreýäň beýläk. Geçýäň ilerik, Dolanýaň gaýrak. Ökjeleň çişi Çümse-de niräk – Ýere däl, ýüregme sünjüp geçýär yz... Wäk, wäk, ýuwaşrak basaweri gyz! Garaşdym, garaşdym. Gelmediň Maýsam. Ýa-da tapyldymy bir

Söýülmek belentdir Söýmege görä..

Söýgiň nämedigni bilýän adam ýok. Ýöne men şonda-da bir zada belet: Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir, Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek. Kyn daldir «Söýýärin, söýýärin!» diýmek. Söýdürmegi weli başarmaz her är. Hemme zatdan belent bolsa-da Söýmek, Söýülmek belentdir Söýmege görä. Ikisi birleşse ümzügiň öňe. Biri aýra düşse - ümzügiň yza... Watana söýgümi, Halka söýgümi, Ýa dosta söýgümi, Ýa gözel

Gabanç

Almagül ýaglygy gyzyl seçekli, Ýaşyl ketenisi sary zolakly Bir mele gelin ol: göýä ýüzüni Bugdaý suwy bilen ýuwýan ýalakdy. Ýok, men ol geline aşyk bolamok. Kimdignem bilemok. Bar bilýän zadym: Onuň adamsy bar. Öýleri bolsa – Şu ýerlerden daş däl, Üç dört müň ädim. Ne-hä kärin bilýän, Ne-de bir adyn. Biziň işigmizden mahal-mahal ol Geçip gidýär. Bir dem yzyndan bakýan, Ýene ýatdan çykýar. Bar

Soňuna çenli okaň,aglaýmaň birden!!

Bir mahal bir ýigit söýdi bir gyzy. Her haýsy bir enäň ýeke-ýalňyzy. Ýa-da Nejep oglan söýdi Nigäri. Her haýsy bir ataň ýeke-dikrary. Dagyň bir jülgesin belleşip her gün, Köşek dek böküşip, açdylar göwün. Nigär – garyp gyzy. Nejep – padyman. Olaryň her güni geçdi şadyýan. Oýnadylar aşyk. Saldylar topaz. Käte Nigär utdy, käte-de çopan. Oýnadylar çilik. Okladylar top. «Gap, Nejebim, gap!» «Gap,

- Söýgi hakda bir keleme..

Söýgi, söýgi, söýgi, seniň ýoluňda Görgini biriçe görüpdim menem. «Gözümiň alnynda eräp barýaň-la, Näme bolýar, balam?» diýýändir eneň. Atalaryň bolsa kadasy başga. «Balam, guzym» sözün halamaz ata. Mähir gatyşykly gazapdan doly Nazaryn nazarňa diker-de gaýta, Diýer ol: «Balaňa döw çalasy ýok!» Atadyr. Duýsa-da duýmadyk bolar. Her bir duýan zadyn duýdurjak bolup Ýörmez. Şoň üçinem atadyr olar.

Owadanlyk hem edep

Gaty manyly gyzlar we oglanlar soňuna çenli okaň Owadan gelinler! Siz hakda şu gün Bir goşgy ýazmagy küýsedi ýürek. Owadan siz. Ýöne owadanlygňyz Size ýeňil düşýän däl bolsa gerek. Akylla-da mydam – Owadan gerek. Samsyga-da mydam – Owadan gerek. ...Köçeden uz ýöräp bir gelin barýar, Elinde almaly, käşirli sebet. Akyllam gaňrylyp, yzyna garýar, laram diýýär: «Seret-de seret!» Bir ýigit gygyrýar:

- Söýgi..

Oglanlyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ýok, ýok, beý diýerden irräkdi heniz. Öz ýanymdan söýýän ýaly bolsam-da, Söýgim basdaşlykdan bärräkdi heniz. Okuwdan soň baha sanaşygynda Artyk, kem bolaýsa bir bäşligimiz. Söýginiň deregin basdaşlyk tutup, Bolmazdy yşk diýen mätäçligimiz. Şeýdip geçip gitdi oglanlyk döwrüm. Jahyllyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ol hem maňa söýýän ýaly bakardy. Emma zalym uruş

Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr...

Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr, Kyn günüňde saňa kömek berýändir. Gamly wagtyň seň gaýgyňy paýlaşyp, Şatlanaňda seň bilen deň gülýändir. Hassakaň ýanyňda mydam dik durar, Ejizkäň öňüňde mydam berk durar, Saňa hormat goýar, dogan deý görer, Çyn dostuň aslynda şeýle bolýandyr. Gatnaşar elmydam toýdur-ýasyňa, Uzak ömür dilär seniň ýaşyňa, Okaýsa aladaň seniň ýüzüňden, Derrew ýagdaý sorar geçip