Статьи по выбранной дате

Häsiyetnama ! ( Buda meniñ pikrimçe )

Dani - dogruçyl nahili yagday bolandada hakykaty aytmagy basaryar .we adamlaryñ yuzune aydyar ! Mona songz- açykgöwünli we yuregi arassa öykelek Darkray (mr coder)- Bu degişgeniñem degişgeni kate bolsa öykelek Vartolu özune ynamy güyçli yöne yaşyndan uly bolmaga çalysyan agza Ogulşirin köp bilyan kan gurlemeyan akylly molla agza Biohimik öwrenmegi halayan höwesjeñ namysjañ agza Yuri yakynlaryny

Ykbalym

YKBALYM Düşünip bilmedim, eger hiç zada, Hemme zat yönekeý ýaly birbada, Durmuşym synaýar, wyjdan gynaýar, Akyl yetirmeli bolup her zada. ¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤ Ýaha men ýalňyşdym, göwnüm halady, Ýa kysmatym ýörän ýolum baglady. Haýsy ýoldan ýöräp öňe gitmeli? Pikirlerim öz-özümi aldady. ¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤ Göründi gözüme hemme zat aňsat. Şeýdip öz adyma getirdim ysnat. Ýaşlyk joşgunymyň gaýnan halaty,

Iki gözel

Köňül berdim iki gözel dildara, Bilmenem men haýsa ýürek bereýin. Juwanlykda ýolum düşdi gülzara, Haýsysynyň gunçasyndan tireýin. Birisiniň alma-nary ýetipdir, Ol biriniň zülpi bilden ötüpdir, Bu gülzara iki gunça bitipdir, Men bilmenem haýsa elim sereýin. Inçe billi ýaryň gözi garadyr, Ol biriniň yşk ýüregi ýaradyr, Meň ýanymda ikisi-de töredir, Awaraýam haýsa köňül bereýin. Birisi marala ogşar
1

Ýadadym(ünsli okaň)

Näme bolsa — doly bolsun, Ýadadym men ýarym zatdan. Ýarym salawmaleýkimden, Ýarym gepden, ýarym antdan. Ýarym salawmaleýkimden, Ýarym gadyr, ýarym hormat... Ýok, ýok! Ýa-ha gowy bolsun, Goý, ýogsa-da bolsun erbet! Içýakgynjy — aralygy, Ne hamyrly, ne-de petir. Bal bolmasa, awy bolsun, Ýöne özi bolsun bitin. Ynanjakmy! — ýarymçyk däl — Durkum bilen ynanaýyn. Ýarym dostly bolanymdan, Bitin duşman

Öwüt!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!

Gelnim, saňa diýýän — Gyzym, sen düşün. Isleseň, ýaşynma, Isleseň, ýaşyn. Däbem däpdir welin. Öz işiň bular. Agzyň ýaşmaksyzam Sylamak bolar. Wepaly boljak bol, Baran öýüňe. Gussasyny çekiş, Goşul toýuna. Ol öý sowuk bolsa, Ýylatjak bolgun. Ol öý kiçi bolsa, Ulaltjak bolgun. Gelin diýen gelin Bolsa akylly, Tutuş öýe siňer Onuň ýakymy. Gelin diýen gelin Bolanda haýýar, Çagaň üsti bilen Ärine

Ýönekeý hakykat

Bu eýýamda saňa beýik diýmezler Dagyň depesine çykanyň bilen. Ynanyň, şahyram bolup bolanok, Diňe bir edebi lakamyň bilen. Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy, Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy. Il-gün saňa bermez pälwan adyny, Özüňden ejizi ýykanyň bilen. Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar, Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar, Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý, Guwdurap bihada bökeniň bilen.

Bu ömrümde işim düşdi köplere

Bu ömrümde işim düşdi köplere. Salam saldym, Haýyş bilen ýüzlendim. Adamlara bagly bolmadyk bolsam, Belki, olaň gadyryn hem bilmezdim. Adamlar! Men Sizi alkyşlaýaryn, Men Size badagly — mysal kerep. Şatlygymy paýlaşmaga gerek siz, Hesretim egsere has beter gerek. Salamlaşýas köçelerde sataşyp, El-eli gysanda, ýylaýar ýürek. Ýola düşsem, ugratmaga gerek Siz, Ýoldan sowa düşsem, has beter gerek.

Adam

Täzeçe bir many aldy köp zatlar, Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy. Bir ömürde meniň gören gudratym: Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy. Adam adama dost diýlen sözlere Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi, Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly, Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy. Dogry, şindem onuň şol öňki ady, Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi. Ýöne ol — şol öňki adam däl indi, Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.

Gulak salma mahabata

Aç gözüň, saýgararsyň, Ejizleme, eýgerersiň. Ýük çekmegi öwrenersiň — Gyýa bakma garamata. Her obada duşar telpek, Her ilde-de bar bir tentek. Halk diýmegem bolmaz entek Bir oýnatgy jemagata. Ýene-de bir diýjek zadym, Hak sylasyn öz zürýadyn. Sena edin Allaň adyn, Dil ýetirme keramata. Rowaçlansyn haýyr-yhsan, Eý, gudraty güýçli Subhan! Bu dünýäde haýwan, yhsan Göz dikip dur sahawata. Agyr