Статьи по выбранной дате

Internetden pul gazanmak

Salam hormatly agzalar. Geliň internetden pul gazanmaga çalşalyň. Internetden iň gowy pul berýän saýtlaryň birinde pul gazanmagy öwretmekçi. Örän çalt we köp pul işlemek mümkin hat-da 1 minutda 2$ hem işläp bolýar, ýöne çalasyn bolup bilseňiz. Etmeli zatlaryňyz: 1.Şuňa basyp salgylanma girmeli 2.Gireniňizden soňra saýta registrasiýa bolmaly(registrasiýada e-mailiňiz bolmasa islegiňiz boýunça

Ustunden 10 yyl gecen tema

Kä wagt şu türkmenlere gaty gaharym gelýär. Ne gözel bir bina dikilýär. Ne gözel bir at dakylýar. Bitaraplyk binasy! Garaşsyzlyk binasy! Bular welin oňa özüçe at berýär. Üç aýak, sekiz aýak! Bar indi üç aýag-a boljagy boldy welin, bir hepde mundan öňmi nämemi, Nisa oteliniň ýanyndan ajaýyp bir meýdança açyldy. Meýdançanyň ortarasynda dünýä şaryny pyrlap duran diň dur. Heniz açylanyna bir hepde

Baha beriñ

Ejeler Bizi bu ajaýyp dünyä berenler Hemişe ezizlär janyndan beter Ulaldyp şu derejä getirenler Ejeler ejeler mährem ejeler Siz duruñ bu ajap dünýämiz dursun Dünýä siziñ bilen gaty hezil yer Ähliñiziñ hem janyñyz sag bolsun ! Ejeler ejeler mährem ejeler ! Awtor : Ejegyz ?

- Ine görersiň

Harplar agladyp gördümi seni? Käteler ýeke özüň uzaga gitmek islediňmi? Näçe gezek arkaňdan ok atyp gördüler? Guşuň ganadynyň pasyrdaýşy ýaly, ýüregiň tebsireýärkä ganadyňy gyryp gördülermi? Ýa-da ruhuňy gabap gördülermi? Şatlanyp gördüňmi ýönekeý zada? Ýüregiňe ynanyp, beýniň azaşyp gördümi? Iň gowy häsiýetleriň sebäpli zyýan çekip gördüňmi? Nätanyş biri salam berip gördümi? Ejeňe, kakaňa

- Ukladyňmy dünýäm?

Ukladyňmy, dünýäm? Ýa henizem nem ýuwan gözleriňi bir nokada dikip, geçen günleri ölçerýäňmi? Gör, bu durmuş bizi nädäýdi! Otursak-tursak oýumyza gelmejek ýagdaýlara duçar edip, göwünlerimizi, göwrelerimizi bir-birekden juda alyslara zyňyp taşlaýdy. Säherler kimin täp-tämiz ýüregiňi bimähreme baglap goýaýdy. Aýtmasaňam, bilýärdim, duýýardym saňa juda ýakyndygymy — meni özüňe ýakyn görýändigiňi.

Bu sapar arzuwlarymyzda duşuşaly

Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli, arzuw eden ýerimizde çaý içeli, biri-birimize içimizi dökeli. Hakykat bilen bu arzuwlarymyzy köýdürmäli. Diňe ikimiz bolup bilmejek zatlar hakda sözleşeli. Hiç kimiň gaýgysy bilen däl-de, diňe öz gaýgylarymyzy gürleşeli. Men başgalar üçin hasrat çekip ýadadym, örän ýadadym... Adam üýtgeşik eken, hemme zada düşünýändirin öýdýär, ýöne käwagt özüne-de

Öz janyňa kast etmegiň psihodiamikasy

Ylmy barlagçylar galdyrylan hatlaryň mazmunyny dört toparda jemleýär: 1). Ýakynlaryndan ötünç soraýan, olara mähir-söýgi we ýürek duýgusyny beýan edýän oňyn hatlar. 2). Töweregindäkilere bolan öýke-kinesini gönüden-göni mälim edýän ýa-da özüne gargynýan formada nägilelik bildirip ýazylan negatiw hatlar. 3). Duýguçyllykdan daş, köplenç polisiýa we jemgyýetçilik edaralaryna ýüzlenip ýazylan ýa-da

Parasatly setirler

Hanjar tälimlerni öwrenseň walla, Çalasyn el däl-de gerekdir kelle. *** Hanjarňa guwanma sen, eý, goç ýigit, Hanjarly ýigit kän,biraz pikir et. *** Şerap içen gitdi, içýänem gider. Ýöne içmeýänler, aýt bakymydyr. *** Wagtyndan öň şahasyndan goparlan, Bişmedik miweden peýdasyz nämbar? Bişende ýolunman, ýele aparlan, Miweden peýda ýok, toprakda çüýrär. *** - Hiç hassa bolmadyk sagdyn ynsana, Aýdyň,

Dana sözler

● Saña ynanan adam bile dogruçyl bol. Saña dogruçyllyk etmedik adama-da nädürslik etme. ● Hudaýa edil ony görýän ýaly çokun. Eger ony görmeýän bolsañ, edil ol seni görýän ýaly çokun. ● Jaý salnanyñda haram kerpiç ulanma, çünki ol weýrançylyga sebäp bolar. ● Bazarda, köpçüligiñ gözüniñ öñünde, bir zat iýmek pesligiñ we medeniýetsizligiñ alamatydyr. ● Iki adam ýuwaşja gürrüñ edip duran bolsa,

Ýylgyrmak ömürden

1) Garry mama garagolja agtygyndan sorapdyr: – Amanjan, bu otluçöpleriň hiçisi ýananok-la… Näme üçinkä?! Amanjyk geň galypdyr: – Beh, ýaňyrak özüm ýeke-ýeke ýakyp gördüm. Hemmesi ýanyp durdy ahyryn… 2) Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrlygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalynypdyr. Birdenem eline gözi düşüp: – Be, elim nireden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok –