Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň
Könelen ýüzüniň perdesin çekip, Döwür diýilýän zat üýtgeýär, bilýän. Yöne " täze dünýäň " pidasy edip, Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Dünýäde her derde müň sany em bar, Emma derman barmy mähri deý enäň? Näçe ynjytsaňam ýaş dilär, emma Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň! Hawa, wagt geçipdir, bolupsyň ata, Ýaşlyk edeniňe indi düşünýäň. Ýatlamada däl-de ol heniz barka Hiç haçan enäniň