Ýeri näme diýip, näme aýdaýyn, Sütemkär gözleriň synagy niçik?! Bar syrymy ýüze çykaryp barýar, Rentgen deý, nazaryň içimden geçip. Gabaklarňy serpen çagyň gözüňden, Gözüme üýtgeşik ýakym çaýylýar. Kalbym sema oýnap, sowan gursagym, Seň naşyja näzikligňe çoýunýar. Sen owadan, düýşegirginç owadan, Kämil sen Mosartyň mukamy deýin! Her säher seň höwesiňde oýanyp, Seniň arzuwyňda uka gideýin. Duşsam
Ýaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen… Geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr Süleýman Haýdarowyň goşgular toplumy TALYP SÖÝGÜSI Işiňden sowaşma, bölmäýin ünsüň, Jogap tapdym, jogapsyz jaňlaryma. Diňe bir boşluklar bolmaýar ümsüm, Haýpyň gelsin, jananym, janlaryma. Tarapdary däl men dawa, jenjeliň, Ýöne, düşün birazajyk maňa-da. Ütükden görýärin ýakan penjegim, Aşyk, talyp… öňem ýetik alada.
ÝAGYŞ Bir düşnüksiz howsalasy bar ýaly, Indi ençe gündür ýagýar ol diňmän. Ýa derde sataşdy, ýa-da ýüregne Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň. Ýagyş ýagýar, suw-sil edip ýollary, Kimleň şähdi açyk, kimler darykýar. Näçe adam öýlerine howluksa, Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar. Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma, Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata. Saýawanly gyzjagazny göterip, Hanha, gidip barýar
OGRYNYÑ ÖLÜMI Käte ýeke çykyp gijeden gijä, Käte şägirtlerin yzyna tirkäp, Gijeler ogurlap towukdyr jüýje Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp. Asyl bir aba däl onuň çürkäni, Köp ýerlere ýeten eken yzasy. Ahyr bir gün… Ajaýyp bir ýaz güni Dolanmyşyn o bendäniň kazasy. Üýşüşip bir ýere ilen, çalany, Däbe görä öwenmişin öleni: -Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, Ahyrýetde hemra bolsun imany. Arman, ýöne