Статьи по выбранной дате

...

... Soñra Hydyr aga turkmen taypalarynyñ adyna aydylyan degishmani gurruñ berdi. Olardan meniñ yatda saklap galanlarym shular: 1. "Teke bilen goñshy bolma". Manysy: gyz-gelniñe gyya goz bilen gararmysh ya-da goñshusyny satarmysh. 2. "Yomut bilen yoldash bolma". Manysy: kisañde teññañ bar bolsa, goz gyzdyrarmysh. 3. "Arsara syryñ berme". Manysy: syryñy bashga kisha

"Psihologlaryň ajaýyp sözleri"?

1. •Gürlemek akylyň sungatydyr. •Parasatlylyk ykbaldan üstün çykýar. •Gowy adam - bu özge bir kişä ýagşylyk sowgat berip bilýän adamdyr. •Kitap –bu durmuş mugallymy •Adamlar özüniň garyplygyny özlerinden däl, töweregindäki adamlary durmuşy günäkärleýärler. _Platon 2. •Durmuşyň bar manysy ýagşylyk etmekden ybaratdyr. •Ýagşylyk etmek üçin ozaly bilen oňa eýe bolmaly. •Ertirden başlap düýbünden,

Aglamaga gelemok

,Men bu dünýä aglamaga gelemok, Bu dünýä ýürekden gülmäne geldim Men bu dünýä aldamaga gelemok, Ýagşyny, ýamany bilmäne geldim, Iki ýüzliň perdesini sypyryp, Kezzabyň törpüsin almaga geldim, Töhmetçiň ýüzini pers-ala edip, Duzly dilim bilen dilmäge, geldim, Ulumsynyň ýüzin ýere garadyp, Daş ýüregi mesge ýaly eredip, Ynsanlaryň ýüreginde ýer edip, Müdümilik ýatda galmaga geldim, Watanymyň

Telefon kitapçadaky ýazgylar

TELEFON KITAPÇADAKY ÝAZGYLAR Aýallar ony çakdan aşa söýerdiler. Ol şo söýgülerden ölüp gutuldy. * * * Gaty gowy adamdy, pahyry jaylamaga adam tapylmady. * * * Kimi görse akyl berýär. Aklyň bit bazarynda-da bir köpüge alynmaýanyna üşügi ýetmeýär. * * * Biçäre bäş-alty gezek öýlenip, soňunda-da aýalsyz galdy. * * * “Adamy gaty içgin tanajak bolma. Badykeş bolarsyň” diýdi. * * * Gaty akylly adam:

Ah, ejemjan gark bolar şor damjalaň astynda.

Ýaş ölümiň ünjüsi. Gabryň içi sowukdyr, kändir onda mör-möjek, Bu zatlar jansyz tene bildirmez-ä aslynda. Taňrym göwne düwüpdir, Ezraýylmy gynanjak, Ýok bolaýmak kyn ýöne, ömrüň bahar paslynda. Belki, bu-da bähbitdir, gitsem köp dälkä günäm, Bu gün bolmasa ertir gitmeli-hä aslynda. Asy bolmak kyn işdir, sorag ederler menem, Ol ynjar meni görse agyr günäň astynda. Söýmedim, söýülmedim, söýenim

Adam diňe özüne ýamanlyk edip bilýär

Ýöne ýamanlyk diýen söz bar bolsa, alymlar, akyldarlar bu hakda sözlän bolsa, ol niredekä, nähili zatka? Ýekeje zat welin düşnükli hem aýan – adam hiç wagt başga birine ýamanlyk edip bilenok. Hüýt-gara nebisden dömen bolaýsyn, seniň her bir ýaramaz pikiriň diňe ony hut öz ýöremeli ýoluna, barmaly menziline ugrukdyrýan ýolbelet bolup galaýýar. Adam ýamanlygy diňe özüne edip bilýär. Türkmeniň: “Her
2

Täsin ykbal / hekaýa

Agaly turuwbaşdan galjaňdy, ile-güne ýagşylyk edip bilse, dünýede armany ýokdy. Arada ak saçly, ýüzi nurana bir enäni ulagyna mündürip, agyr ýüküni göterip öýüne eltip berende, ol aýaldan eşiden alkyşlaryny, hiç haçan ýadyndan çykarmaýardy. "Biz garryny sylany Alla-da ýalkar! Iň ýakyn zamanda taýyňa sataşarsyň. Nesip bolsa, kaka-da bolarsyň!“. Agaly onuň alkyşlaryny şol günüň özünde

SAGAT-SAGAT GEÇIP BARÝAR BU ÖMÜR..."

" Sagat-sagat geçip barýar bu ömür, Bu maksat däl: Berlen ömri ötürmek. Ah, tapmag-a bir kyn, soňam kyn düşýär, Iň mähriban adamlarňy ýitirmek. Yzda galdy dostlaryň gör näçesi, Diňe ýürek şeýle gysan mahaly. Men dostumyň kimligini tanadym, Ykbalymyň bir ajaýyp säheri. Kän ýalňyşdym, her ýalňyşan gezegim, Daramady, üstümdenem gülmedi. Men ömrümde kän-kän dostlary gördüm, Birem oň ýerini

AGLAMA!

Dert dogmaň bagryny elek deý eläp Ýatybersin, hesret çekip igleme. Uzak gije başujymy eýeläp, Mähribanym, maňa bakyp aglama! Soňky günler tebil tapyp joşamok, Günleň dükürdisi gulagmy deşýär. Bu adamlaň arasynda ýaşamak, Eje, maňa kyn düşýär. Arzym bardyr, gama batman sen şu hal, Didelerňi didelerme dik hany. Bäş çagaň içinde juda bikemal Doglanym üçinem bagyşla meni! Seret, bilbil owaz edýär bag

Kaka hakda

Sizi ýatlap, gözüm ýaşlap otyryn, Jan kyblam, sizi göresim geldi Bu başa şu kysmaty getiren, Ezraýyla garşy, durasym geldi . Alladan gelsede höküm hikmeti, Ne sebäpden ýazdy, beýle kysmaty, Habar almagada bognum ysmady, Şol günäme janym beresim geldi, Ne gaýgy, berdiň bu güni Allam, Gaýtaryň kyblamy, entegem pille, Alnym Käbä döndi, ýüzümem kybla, Doga edip, namaza durasym geldi, Näm üçin,