Статьи по выбранной дате

Nuhty Nazar: “Atgulak”

Instituty gutaransoň Nuhty Nazar professor Myratberdi Könäýewiň kömegi bilen, özüniň geljekki ýokary göterilişleri üçin böküş basgançagy bolup hyzmat edibiljek ylmy edaralaryň birinde laborant bolup işe galdy. Emma her näçe ýesersiresede, ýaşlykda ýüz uran pelsepesine görä ur-tut uly-uly işlere welin çekilibermedi. Ýüreginde besläp ýören arzuwlaryndan el çekäýesem gelmedi. Şonuň üçinem kakasy uly

SÖÝÜPDIM SENI

Daglar-daşlar döremänkä Söýüpdim seni. Şemal çöpi yramanka Söýüpdim seni. Aýaklarym Ýere düşende Söýüpdim seni. Gün ilkinji gezek ýaşanda Söýüpdim seni. Ilkinji ýagyş ýaganda Söýüpdim seni. Ilkinji erik düwende Söýüpdim seni. Goňur zolak geçýän köýnegiň bilen Söýüpdim seni. Gyzgyn sakarçägeli ýüregim bilen Söýüpdim seni. Suraý BABANYÝAZOWA