Статьи по выбранной дате

.,

Salam hemmä. Türk kanallarda reklama göýberilende,(esasan hem, atv. a2,show-dan) Kemal Sunaliň ogly Ali Sunal bir açgini reklama edýär bir oglan bir gyz bilen. Şonda şeýleräk bir aýdym gitýä" Sewiyoruz,geziyoruz" diýip içinde şeýle sözler bar. Şol aýdymyň ady we kimiň aýtýany gerekdi.Gowy aýdym ekeni. Mümkin bolsa kim bilýän bolsa aýdaýsa. Öňinden köp sag boluň!.

Ýürekde galan söýgi

Sen gideniň bilen ömür gutarmaz Gutarar öýtmegin bagtly pursatlar Diňe bir göwrede bile ýaşamaz Öň bir-biri üçin uran gursaklar Men ýaşaryn päk söýgimi täç edip Gün-günden şol söýgä hormatym artar Sen bolsa oýlaryn içinde galyp Ýalnyzlyk zynjyry özüne dartar Diňe munuň bilen gutarar öýtme Ahmyr bilen geçip gider ömrüňem Ýyllar saňa "Biwepa ýar" diýerler Ýyllar bilen bile diýjek özümem

Barmaklarmyz häsýetlermizi açýarlar

Adamyn eline seredip onuň häsýetiniň bize mälim bolmadyk tarapyny bilip bolarmy?! Tebigatyn kanunyna görä, her ynsanyň öz bolşy, ýaradylyşy bar diýip pikir edýäs. Ýöne barmaklarynyň uzynlygynyň şahsyýetin häsiýetindäki aýratynlyklary anladýandygyny bilýarsinizmi?! Munuň üçin aşakdakylara syn edelin! a) Süýem barmak ogulhajatdan gysga bolsa Şeýle adamlar daşky keşbi boýunça özüne çekijidirler.

Hajathana / hekaýa

Kemman agsaklaň hajathanasynyň ýerini ütgetmeli Çünki mellegiň aýagujunda gurlan bu hajathananyň çukurynyň soňky gezek gazylanyna oýun-oýunluk bilen üç ýyl bolupdyr. Şu üç ýylyn içinde-de munuň çukury tas düzleniberipdir. Düzlenmez ýalam däl, dogrusy. Kemman agsaklar, tüweleme, on bir baş maşgala. Olaryň ikisi üçin gyssanan ýerleri hajathana. Hajatyny mellegiň aýagujynda bitirýänlerem dokuz.

?

Bir ulyrak ýaşan adam öz 25-ýaşly ogly bilen otla münüp, öz orunlaryna geçip oturýarlar. Ýigit penjiräniň öňünde oturyp daş-töweregi synlap barýardy. Otly gymyldap ýöräp ugranda ol elini aýnadan daşyna çykaryp howanyň elini sypalap barşyny synlaýardy. Birdenem: - Kaka, seret, ähli baglar bizden yza gidýärä, görýäňmi? – diýip begençli seslenipdir. Ol adam jogabyň ýerine ýylgyryp oňýar. Bularyň