Статьи по выбранной дате

Ýeriň kenarynda

ÝERIŇ KENARYNDA Ýol gutardy, ýer gutardy, aýak çek, Geçmişdenem yzda galdy gelejek. Dogduk mekanyňdan berildi küşdüň, Düýşüňde görmedik iliňe düşdüň. Mundan aňryň buzluk, mundan aňryň suw, Jezaň bolsa çek sen, günäň bolsa ýuw. Ýa bu baýrakmyka, sylagmyka ýa, Müň birinji gezek synagmyka ýa?! Yzyna dürtülmez sogrulan ýelek, Oýnap ýadamady bazygär pelek. Men gülsem aglady, aglasam güldi, Hakyt

"Ýekeje haýyşym: ölmejek boluň!"

"At üstünde eşek gördüm, Namys ýüzün aşak gördüm." (Täze nakyl) Men size hiç haçan sögmerin paýyş, Men sizden hiç zady etmerin haýyş, Men sizden hiç haçan hiç zat dilemen, Köçäňizden ýöräp baýdak bulaman, Ne dilärin sizden bir döwüm çörek, Ne dilärin sizden bir käse arak, Ne-de sogan ysgamana yzyndan, Derýa topugymdan, deňiz dyzymdan. Saýraň! Haýyş etmen gapylarňyzy, Haýbatly, haşamly

:(

Howwa, ýekeje köz üçin mes goňşyň gapysyny kakmaly. Ýene hüňňürdär, üstesinede siltenjirär. “Ýuwutmaly. Hanha, gultunyşyp otyrlar ahyryn”. Näler aýagyň çekmese-de gidýär.Mes goňşyň öýünde palaw bişip dur. Onyň ysy tapsyz göwräni ýekedaban bilen urulan ýaly edýär. Ol bir bölejik köz alyp, hamana düýe berlen ýaly, “Taňyrýalkasyn” diýip gaýtýar. Öýden çykyp çykmankada mes geliniň: “Gedaý ýaly ygyşyp

Gamgyn bolma!

Sen garyp bolsaň, başga biri bergä çümüp oturandyr. Sende ulag ýok bolsa, başga birinde aýak ýokdur. Bir agyrydan zeýrenýän bolsaň, özge biri ýyllarboýy düşege baglanyp ýatandyr. Sen bir jigerbendiňi ýitiren bolsaň, başga ýerde bir hadysada birnäçe perzendini elden aldyranlar bardyr. Gamgyn bolma! Sen musulmansyň. Allanyň birligine, pygamberlere, perişdelere, ahyret gününe, ýazgydyň haýrynyň,

Sahyhy Buharydan Azan döreýşi we manysy hakyndaky hadyslar

Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Muhajir bolup Medinä gelen döwürlerinde, musulmanlar bir ýere toplanyp, namaz wagtyny anyklamaga çalşardylar. Namaza çagyrylmazdy1. Bir gün bu mesele barada maslahat etdiler. Käbirleri hristianlaryň jaňy ýaly jaň ulanmagy makul bildiler, başga birleri bolsa ýehudylaryň surnaýy ýaly surnaý ulanmagy maslahat berdiler2. Omar (r.a): «Näme üçin bir adam

*****

Derwüşleriň biri arzyny mälim etmek üçin hökümdaryň huzuryna barypdyr. Gat-gat binanyň, aýlaw-aýlaw galanyň gapysynda bir derwezeban duran eken. Derwüş ondan özüni hökümdaryň ýanyna goýbermegi soraýar. Emma derwezeban yönekey geýimli derwüşe kanbir gabak galdyrmayar, «Hökümdaryň ýanyna girmekçimi? Sen kim?» diýip soraýar. «Meni tanaňokmy?» diýip derwüş dillenipdir. Derwezeban «Ýok» diyip, başyny

Söýgi mukamy (powest)

(dowamy) * * * Kakasy gelýänçä, nahar bişirip, çaý gaýnadyp, daşaryny suwlaşdyryp goýsa-da, Şirin Nazar hakyndaky pikirden daşlaşyp bilmeýärdi. Näme üçindir, onsuz geçiren on aýyndan indiki galan ýigrimi güni has uzak bolup görünýärdi. Ol: "Gün dogýar-da, ýaşanok, garañky düşensoň, daň atanok" diýip pyşyrdady. Şonuň bilen birlikde-de, "kakam bilen sözleşmäge entek wagt bar"

Mes gelin

Ol bu gün ot satýar gyzan bazarda Desse, Desse, Onuň çar ýany desse. Onuň gözýetimi, Onuň dünýäsi, Şojagaz desseleň boýundan pesde. Elinde bedire suwlaýar haýdap, Hödürleýär:-Alyň, terje ot alyň. Göz öňüme gelýär uruş ýyllary Şol Abadan, Gyşyk basýan mes gelin. Çyrpynýan mes gelin Egmeli gelin. Goly bilezikli, Egmeli gelin. Özlerini tohumlyk saýan ýezitler Orlaşardy: “Sypap-söýmeli gelin” Deňňene

...

Uruş ýatdy, Aý aýlanyp ýyl geçdi, Patasyn aldylar onyň ýarynyň. Aýallar ses etdi saçlaryn ýaýyp, Ýarylyň siz, gara ýerler ýarylyň. Geljek geldi, gitjek gitdi sowuldy. Gaýyn ata gelni çagyrdy öýüne, Iki ölünýän gün işigin kakdy, Pyşyrdady taňrym: “Namysa goýma” Boýun almalydy ogluň ölenni, Gelniň öňünde-de açmaly ýolun. Diýdi: “Ir gitdiň-de, wah iner ogul, Ataň çal başyna atdyň ykbalyň” Ýylanyň