Статьи по выбранной дате

???

Wagt geçdigiçe... ömrüňden ýene bir ýyl gerdeniňe mündügiçe üns berýän zatlaň azalýar, arzuwlar könelýär, höwesler kütelýär, hyjuwlaryň kiparlaýan eken! Ýöne muny boýun almajak bolup gaty dyrjaşýas. Musa Ýusup. ~~~~~~~~~~~~~ Parasatsyz häkim şu günki ejiz raýatyny nähak kemsitmek bilen öz ertirine güýçli garşydaş taýynlaýar. Atajan Tagan ~~~~~~~~~~~~~~ Adalatyň aklyndan azaşan ýerinde pelsepe

Saňa-Bahargül Mejidowa

SAŇA Dogrusy, men saňa näme diýeýin, Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?! Kalbymdaky näzik duýgymy talap, Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?! Az gördüňmi öňem ejizlän göwni, Ençe ýyl gursakda düwülen düwni, Ýadygärlik goýup, maňa bu güni, Neçüýn geldiň beýdip ynjytjak bolsaň?! Söýgiňi ýüregme ömrüme ýazdym, Seni ömürboýy arzuwlap gezdim, Meniň päk duýgyma neneňsi dözdüň, Neçüýn geldiň beýdip
2

Gabanma

GABANMA Nirä baksam, gysganýarsyň gözlerim, Çynyň bilen meni beýle gabanma! Diňe saňa bagş eýledim näzlermi, Çynyň bilen meni beýle gabanma! Sözümde ýalan ýok, söýýänme ynan, Söýgi berkemeýär bolmasa ynam. Joşgunly kalbymy talaňa salan, Çynyň bilen meni beýle gabanma! Dünýe ýaly giň kalbymyň şasy sen, Bu gudratly ylhamymyň joşy sen, Şatlygym sen, gözlerimiň ýaşy sen, Çynyň bilen meni beýle
0

Ýürekdäki söýgim üzüldi senden

Ýürekdaki söýgim üzüldi senden Indi söýseňde giç,söýmeseňde hiç Aşyklygyň derdi güýjäp gün-günden, Indi köýseňde giç,köýmeseňde hiç Baky bagtym diýdim ilkinji söýgim, Ýalňyşymdy,tejribesiz ýaş duýgym Sen meniň Senemim,sen meniň Leýlim, Indi diýseňde giç,diýmeseňde hiç. Arzuw umutlarym köýdürip baryn, Ýüregime saldyň aýralyk dagyn Çekip ilki söýgiň ajy azabyn, Indi ýansaňda giç,ýanmasaňda hiç
0

Puç bolan söýgim/bolan waka

Durmuşda bolup geçýän zatlaryň gözüň ýumup açynçaň bolup geçýär.Käwagtlar özümi şeýle bir ýeke duýýan,käwagtlaram senden bagtly ynsan ýok ýaly dünýäde gysgajyk dünýämi beýan edeýin 95.ýylda doguldym orta mekdebi tamamladym arzuwym Türkmenistanda okamakdy ýöne nesibäm ýok eken,şeýdip daşar ýurta okuwa gaýtdym.Elbetde enem atam meni gabanýardylar şonuň üçinem meni garndaş oglan bilen ugratdylar.

Owadan ganhorlar-1

1) Uly ýaprakly Kalmiýa. Bu ösümlik dag lawry diýip hem tanalýar we ýaz aýlarynyň ahyrlarynda ýumşak gülgüne ýada ak güllerini açýar. Bu gül ajaýyp, ýöne ajaýyp görküniň aşagynda ganhoryň ýüregi gizlenen. Gül andromedotoksin we arbutin diýen iki toksini öndürýär. Birinji has howply, sebäbi ol birwagtyň özünde ýüregiň bir gapdalyny çalt, beýleki gapdalyny welin haýal urdurýar. Sagdyn adamyň

**************

Agaja ynanyp bilersiň, meselem alma agajy alma berer.? Asla erik bermez. Haýwanlarada ynanyp bilersiň, meselem çünki gaplaň gaplaň bolar, asla maýmynlyk etmez.? Emma adama ynanyp bolmaz. Çünki ol ýüzüňe gülse-de arkasynda pyçak? saklap bilýän ýeke-täk jandardyr...? Bulutlar aglarmy diýdim, aglaýar diýdiler. Agaçlar gynanýarmy diýdim, ýapraklaryny hem dökdi diýdiler. Şemal gaharlanýarmy diýdim,

GÖWNÜMIŇ GÖWNI

Wada nire, söýgi nire, ýar nire? Göwnümi gümana baglap otyryn. Ykbalyň çetinde, täleý çatynda, Aglap otyryn. Sen bihabar, aýdan, ýyldan, sagatdan, Bileňok saçlarmyň dökülýänini, Menem bilemokdym, bilmedigim çyn, Aýralygyň ýeke çekilýänini. Ýöne bir gün ysy tanyş gülleriň, Içinde nätanyş duýga sataşyp, Şeýle bir gün tüýsi tanyş günleriň Saý-sebäpsiz giden wagty tutaşyp. Öýlänçi deý islenmedik