Статьи по выбранной дате

Tymsallar

Paýhasly adamy nadandan nädip tapawutlandyrmaly Günlerde bir gün okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir: - Ýoldaş mugallym, parasatly adamy nadan adamdan nähili tapawutlanýar? Güneşli ertir çagydy, mugallym gök çaý süzüp oturşyna pikir ummanyna gitýärdi. Birdenem okuwçysy üçin gutarylmadyk çaýyny taşlap, ony yzyna düşürip äkidýär. Mugallym okuwçysyny ýaňy-ýakynda opurlan dag gerşiniň
10
226

Ýaşamak ne hezil

ÝAŞAMAK NE HEZIL!  Ýaşamak ne hezil! Ýaşamak - hezil! Rahat dem almak. Gör, neneň ajap! Gör, neneň ajap! Beýle bolmanam bilerdi. (Bagyşlaweriň!) Bu dem bolmanam bilerdi. Bu dem soňky dem bolubam bilerdi. Ýaşamak hezil! Ýaşamak ajap! Hudaýa şükür! Hudaýa soňsuz şükür! Baglary täzeden görmek. Barlygy täzeden görmek. Endamyň syzlamasy. Gözleriň eňremesi. Ýüregiň iňlemesi. Aýryldy bary. Soňlandy
4
176

Sussym däl, kibtim basaryn

Basylyp basylyp ýalňyşlam Ýüzüm galňadyp gitdi. Men el silkdim, ýyllar maňa Elin galgadyp gitdi. Meni galdyryp gitdi Ak arzuw agyr armana. Kerwenbaşym köle bolup Ner ýerin berip arwana, Döşümi galkan edenlem Hanjaryn dikip arkama... Gitdi, kerwenim talanlar Şah boldy, mat bolmadym men, Bu ýalňyz, gowgaly başy Ýene ýola ýolladym men büdräp, agsasam, entesem Sussym däl, kibtim basaryn. Sabr etde

ÝENE MEN HAKDA

Goňşy öýde zulm edilse naçara, Öz şahsy agymy aglamadym men. Açylsa-da öňde tagty-eýwanlar, Zümerret zynjyra baglanmadym men. Pişigiň “mýaw”-ynda nalasyn duýdum. Itleň “ýylgyrşyna” aldanmadym men. Zyňsalar-da oduň-külüň içine, Päk göwherdim, asla daglanmadym men. Sesim basmak islese-de gargalar, Hoş owazdym, ömür soňlanmadym men. Taýýarlyk gerekdi şedewr üçin, Her arzan radioda ýaňlanmadym men.
7
480

Magtymguly Pyragynyň käbir syrly setirleriniň açyklamalary

Magtymguly Pyragynyň käbir syrly setirleriniň açyklamalary Magtymguly Pyragy ýazan syrly setirleriniň magnysyny çözmekligi öz ildeşlerine goýup gidipdir. Biz "Her kim bilenini okar" diýişi ýaly Pyragynyň jöwher pähiminden ugur alyp, başardygymyzdan bu möhüm meselä girişip, şeýle düşündiriş bermekçi. Elbetde, bu syrly setirleriň kyssa rowaýatlaryň üsti bilen düşündirilişi bolmagy mümkin,

Bagyşla Poeziýa?!...

Çagalykdan sen aňyma ornapsyň, Ezizowyň meşhur hüwdüsi bilen, Hat okanym bäri, dertdeş syrdaşym, Saňa yşkym aýsyz gijeler biler. Ilkinji şygrymy ejeme ýazdym, Okap berdim, ýüzi bagtdan nurlandy, Eý poeziýa, eý gojaman poeziýa, Seniň aslyň keramatdan gurlanmy. Taryhyňda näçe horluk çekseňem, Bu gün saňa "düşünýänler" köp indi, Özümi bilelim, goşga meňzeşdiň, Haçan beýle stilleriň

.......

Buddawistlik taglymatynda "älem üç bölekden ybarat" diýilýär Birinji älem(Nirwana) iň ýokary älem bolup,onda bütünleý rahatlyk höküm sürýär.Onda diňe arassa ruh ýaşaýar.Bu älem ruhuň mekanydyr.Buddawistlik taglymatyna görä,ylahy ruhy düýbünden bilip bolmaýar.Bu älemde ruh materiýadan daşarda we hereketsiz asuda ýaşaýar. Ikinji älem,rowaýatlara görä,ruhy barlyklar bilen doly jennet bolup

MILLET❗️

Salam OKYJYLARYM!!! Gowumy ýagdaýlaryňyz, arman-ýadaman, ýaltanman ýaşap ýörsüňizmi?! Siz bilen ýene bir täzelik etmekçi. Biziň edebiýatdan (goşgy, hekaýa, oýlanma…) başymyz çykanok. Dil baýlygymyz az bolsa-da, el ukyplarymyz kän diýip arzlaryny aýdan agzalary gözöňünde tutup, Surat çekmek boýunça kiçiräk bäsleşik geçirmegi makul bildim. Bäsleşige gatnaşmagyň ýaş çäklendirmesi bolmaz.

Geliň goşgy ýazalyň?!

Ýaz gelmänkä, ot çykmanka, bedenimden bit çakmanka, analiz, opimizm, pessimizm, Leýli, Humaý, Enegül, Mamajan, Mamajanyň daýzasynyň gyzy Ogulsonabossantyllatäç dagy we ş.m. gaýraky obadaky Selbi (ho marožna satýan bar-a) şolar meni söýmänkä, banka, tomat, kompot, sok, salýonny bu zatlar açmak üçin ýapylýamy? gelmänkäm, görmänkäm, barmankam, entek hiç zat diýmänkäm, hajathana gitmänkäm, ýitmänkäm,