ULUMSYLYK Serhowuzdan çykan juwan gyz kibi Aý gizlendi töweregne garanyp. Döwüň gowagyna dönen gözýetim Şeýtanyň kalby deý ýatyr garalyp. Aýperiň üzülen hünjüsi deýin Ýyldyzlar birgeňsi pytraşyp ýatyr. Pyragyň goşgusyn diňleýän ýaly Baglar gamly başyn yralap otyr. Geçmişe bakýasyň gaňrylyp yza, Buýsanjyň ökünçden ýeňilrek gelýä. Ýene güberilýäň beýgeljek bolup, Başardanok. Göwre hasam kiçelýä.
Salam agzalar. Gepi uzaldyp otyrman göni sorajak zadyma geçeýin. Taýyn wideonyň ýüzine at zat bellejek bolsaň haýsy programma ulanylýa bilýänleriňiz bar bolsa aýdaýyň. (Kartinkaň ýüzine at belleýişleri ýaly wideo at bellejek bolsaň haýsy programmada edilýä). Öňinden köp sag boluň...
1. Bir danadan sorapdyrlar. " Näme üçin köp heleýli erkek gowy? A näme üçin köp erkekli heleý erbet görülýär? " Dana şeýle jogap beripdir: " —Hemme gulplary açýan açar gowydyr hemmä gerekdir. Emma hemme açarda açylýan gulp erbetdir,oñ ýaly gulp hiçkime gerek däl "-- diýipdir