Öten agşam obamyzda toý boldy, Şonda men sataşdym bir täsin ogra. Özi-de şeýle bir gödek ekeni, Onda ne ynsap bar, ne-de bir ygrar. Beýle kişä gabat gelmändim ozal, Şoňa duşup tapmadym men deregmi. Ol hut meniň öz gözümiň alnynda Ogurlady yşkdan doly ýüregmi. Ýüregmi aldyryp, galdym men ýalňyz, Gabat garşymda-da şol tanyş ogry. Ýeke ýürek bilen kanagat etmän, Göreçleri bilen peýleýär bagry.
Dälihanaň ýolbaşçysyndan gelen haty alamsoň men eglenmän ýene şol şähere ýola düşdim. Däli hanaň ýolbaşçysy meni kabul etdi, ýöne ol maňa gelen haty ýazandygyny boýun almady. Ýolbaşçyň sözleri şeýle; Size gelen hatdaky zatlar dogry. Hakykatdanam bize bir oglanjyk geldi we ol 4 ýyldan soň öldi. Ýöne synag edilýän derman serişdelerinden däl, öz bejerip bolmaýan keselinden öldi. Oglanjyk ölenden soň
Gije sagat 01:00. Oglanlar üýşüp kart oýnaýarlar. Olar Mergen, Çary, Nurmyrat we öý eýesi Merdan. Ahyry Çary dillenýär: -Oglanlar, boldy edäýeliň, Merdanam dynjyny alsyn, ertir işine gitmelidir. Hemmeler ony goldady: -Boldy karty ýygnaşdyralyň diýdiler. Şol wagt Mergen penjireden olara seredip duran, bir zady gördi. -Eý waý, o zat nämaý. Oglanlar muňa ünsem bermediler. -Hä Merik užas gördüňmi?