Статьи по выбранной дате

Salam gadyrdan doslar..

Gowmy oson siz?Mena içim gysdy geldim elem degenok sugunler wöli natjek gelmesenemkarar tapanok.Hanonna gepin gysgasy sundai Azjygam bolsa syrtayn sugun dip geldim mena !1 internet soygusi dinde kella gelyanyagday hehe 2kakandan bayramçylyga pul soranda hemmesam bolup bilayjek has dogrysy bolyan yagdaylar Gelin sohbet edelin kim nira okuwa gityar?

Pälwan Halmyradow - Sary Ýaprak

Gaçýar sary ýaprak.. Dökülýär ýaprak.. Aýralyga juda.. Ökünýär ýaprak.. Gaçýar agaç bilen.. Baky hoşlaşyp.. Ýöne gidäýenok.. Ondan daşlaşyp.. (Gaýtalama) Gynanmazlar! (Gynanmazlar) Sary ýaprak seň ykbalyňa..! Juda bolup düşen agyr halyňa..!!! (Gaýtalama) Hemaýat ederdim.. (i) Ne seň ýanyma Belki melhem bolar.. belki melhem bolar.. belki melhem bolar..! Şirin janyňa..! Janyňa.. Topraga garylyp..

Zehin, ukyp we zähmet zerur

ZEHIN, UKYP WE ZÄHMET ZERUR Ýaşuly adamlarda köplenç şeýleräk bir häsiýet bolýar: olar ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanlarynda, iňirdemäni gowy görýärler: ― Biz siziň ýalykak beýle däldik. Siziň käbiriňiz eýlenmedik palçyga, käbiriňiz ýüzüni ýokary tutýan gamyşa çalym edýärsiňiz. Dogrusyny aýtsam, sizden meniň göwnüm suw içenok. Aýyplaşmaň: gahryman siz däl, bizdiris... Umuman, ýaşlar, ylaýta­da, şu

Güýç bilen hiç zat gazanmarsyň

Güýç bilen hiç zat gazanmarsyň ─ Men haýsydyr bir edara baryp, täze müşderi bolmak maksady bilen onuň ýolbaşçysy bilen duşuşjak bolsam, kätip meni goýbermeýär. Hatda ol meniň gelenligimi hem habar bermeýär. Maňa kätipden nähili ýol bilen geçmelidigini öwretsene ─ diýip, bir gezek okuwçy mugallymyna ýüzlenýär. ─ Geçmek? ─ diýip, mugallym, ýylgyrýar ─ gowy söz... Ol okuwçylary özi bilen uly bir

Şygry nädip ýasamaly?

ŞYGRY NÄDIP ÝASAMALY? Şahyrana eserde täzelikçilik hökmanydyr. Şahyr özüne gabat gelen söz serişdelerini, utgaşmalary täzeden işlemeli. Goşgy ýazanyňda köne — galyndy sözler täze serişdäniň sany bilen berk gabat getirilmeli. Şol täzelikleriň sany hem­ de hil mukdary eseriň ulanylmaga ýaramlydygyny ýa­da däldigini kesgitlär. Täzelikçilik, elbetde, ähli zady tarpdan döretmegi aňlatmaýar. Goşgy

Säher ýyldyzy

Hormatly,okyjym!Söýmek üçin nämeler derkar?Çakmak daşy çyzylan kibi otly bakyşlar,duýgydan pürepürlenen kalp,yssy mähir,arzuw-hyýallar... Başga...Sagdyn aýaklar.Olaram zerurmyka?Gürrüñ berjek wakamyñ baş gahrymany Bagtyýaryñ pikriçe-hä şolarsyzam yşga düşüp,söýginiñ uç-gyraksyz ummanyna özüñi oklap boljakdy.Magşugynyñ pikriçe-de şeýlemikä?Ussat nakgaşyñ galamyndan çykan dek sünnä ýaradylan gözel

Aragatnaşygyň 6-njy nesli 2030-njy ýylda taýýar bolar

Koreýa Respublikasynyň hökümeti aragatnaşygyň 6-njy nesliniň 2030-njy ýylda söwda maksatly görnüşiniň taýýar boljakdygyny mälim etdi. Häzirki wagtda “Samsung” hem-de LG kompaniýalary bu ugurda işleýär. Häzirki synaglarda aragatnaşygyň soňky nesli arkaly 100 metre çenli maglumat geçirip bolýar. Ýurduň hökümeti 5G torlarynyň ýerine ulanyljak altynjy nesle degişli mobil tehnologiýalaryň ösdürilmegi

Zenanlar we güller

ZENANLAR WE GÜLLER Güller tebigatyň ajaýyp sowgatlarynyň biridir. Güller özüniň näzikligi weowadanlygy bilen her bir ynsana uly täsir edýär, her birimiziň göwnümizi göterýär. Mähriban zenanlaryň gözelliginiň güllere deňelmeginiň-de öz sebäpleri bar. Ony ýörite delillendirip, düşündirip durmagyň zerurlygy ýokdur.Ýöne geliň: «Zenanlar näme üçin gülleriň sowgat berilmegini halaýarlar?» diýen sowala