Статьи по выбранной дате

“GÖWNÜŇ ISLEÝÄNI, GÖZDEN SOWAŞYK…”

Seňem bir gün, içiň gysar görersiň, Duýarsyň,bir zadyň ýetmeýänini, Alyslara dikip,gamgyn nazaryň, Hemem kem görmersiň, geplemäniňi. Göwnüň isleýäni,gözden sowaşyk, Akyly gözünde jemlenen dünýäm, Indi gaýdyp duşmajaga-duşanňa, Düşünersiň,sen hiç zada düşünmän. Ajap,aýny wagty on dokuz ýaşyň, Ýatlatýan mahalyň,ýuwaň seçegin, Hakyda basylan möhür hasaplap, Birin-birin ýatlar bu aň geçeni.

ÝEKELIK (hekaýa)

Soňky wagtlar Döwran özüni ýeke duýýardy. Aslynda onuň isleýäni hem şoldy. Döwran mekdebiň iň ökde okuwçysydy. Mugallymlarynyň hemmesi ony gowy görýärdi. Emma dostlary onuň bilen känbir gepleşmeýärdi. Oýnanlarynda-da, olar Döwrany aralaryna goşmaýardy. Bile bir ýere gitselerem, ony çagyrmaýardylar. Ogullarynyň birnäçe gün bäri özüni ýeke duýýandygyny görüp, ata-enesi hem onuň okuw ýagdaýyny

ÄDIKÇI

ÄDIKÇI (Tymsal) Bir mahal ädikçi surata garap, Görkezipdir köwşündäki ýalňyşyn. Bu söz hudožnigiň göwnüne ýarap, Düzedende, ýene göterip başyn, Diýipdir: «Ýüzi-de gyşygrak bir ýan... Çakdanaşa açyk dälmi göwsi, dost?»... Saklapdyr Apelles halys çydaman: «Ädikden ýokaryk geçme gowsy, dost!» Biri bar dostlarmyň içinde meniň, Bilmedim, nä gelýär elinden onuň. Öz sözüne jür bolsa-da, her zaman Kän

Eneler(hekaya)

„Eneler jomartdyr, giňdir eneler...” Gurbannazar Ezizow. Bu waka 1950-nji ýyllaryň wakasy. Ony maňa Daňatar agaň özi gürrüň berdi... Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerde howsala artýardy. Her gezeginde ölüp direlýän Amansoltana Tuwak ejäň has haýpy gelerdi. Ol ikinji bäbekden soň „Guzym,

GARAZ...

BU GIJE... Bu gije gussa kän kalby gemirýän, Tebigat dem alýar agyr hem tukat. Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda, Şemallar ses edip gidýärler uka. Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman, Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün. Oýunçylja guşlar näme, Şolaňam bu gün göwünleri birgeňsi çökgün. Dagyň agraslygy artana meňzeş, Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam. ...Menem gidip barýan çola köçeden — Iň bir näzik

Ilkinji posa

Gözellikmi, Hezillikmi, Edeplik? Azapmydyr, Güzapmydyr, Gödeklik?! Parhy ýok, alyndy Ilkinji posa. Parhy ýok, berildi Ilkinji posa. Beýle zat görmedik Gözel ýaňaklar, Beýle ot görmedik Ozal ýaňaklar Gyzardy, Bozardy, Ýandy lowurdap, Bar eken, Bor eken Beýle-de bir zat! On esse, Kän esse Tizlendi ýürek, Gabaklaň astynda Gizlendi garak. ... Şol wagtdan, Şol bagtdan, Şol ähtden bärik, Söýginiň şeýle

Eý beýik Söýgi!

Sen agladyp bilýäň, güldürip bilýäň, Tyg çekmän ýüregi dildirip bilýäň, Sen gülledip bilýäň, sogduryp bilýäň, Eý, söýgi ! Eý, söýgi ! Eý, beýik SÖÝGI! Kim üçin umman sen, kim üçin ot sen, Başyňy çarardan juda kyn zat sen, Maglumat däl, taglymat däl, kän zat sen, Eý, söýgi ! Eý, söýgi ! Eý, beýik SÖÝGI! Gije-gündiz, gyşmy ýa ýaz parhy ýok, Seniň üçin bu barlykda gorky ýok, Sen jadygöý, jadylanyň

MEN ÝAZYP ÝETERIN SENIŇ ÝANYŇA...

Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa, Gül bolup, Ot bolup, O:t bolup ýazyp, Kimsä baş galdyrman, Başym dik kylyp. Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa, Gmail salgyň Telefondan ykjam ýüregme salyp, Nardyjygmy alçy sülüp, Ýazyp-ýazyp ýeterin. Geçmişe gol bulap, Geljegi görüp, Her demi söýüp, Bulgurma ýönekeý kofeden guýup, Mydam eneň nan-a tapdyryp durmaz, Ýene ölmezödi ýaşamak üçin Satylýan çörekden ýarymça

Keşbi gözlerimde galan ýar bagtlymyň, men bolsa entägem sensizlik bilen göreşip ýörün...

Arada işler bilen Daşoguz şäherine gidipdim. Bu gün bolsa ýene oba gaýtdym. Etrabymyzdan obamyza gaýdýan aftobusa mündim. Biziň obamyzyň aftobusyna münmedik adam, aftobusda nähili derejede dyklynç bolup bilýändigini göz öňüne hem getirip bilmez. Megerem "Dar aftobusda" diýen goşgynyň dünýä inmegine hem, awtoryň biziň obaň aftobusyna münenligi sebäp bolan bolsa gerek. Men özi şu ýaşyma