Alla biziň ýüregimizde Alla ybadat etmek üçin ybadathana gidiň, ýöne muny "Allaha diñe şo ýerde (ybadathanada) ýakynlaşyp bilýän" diýen düşünje bilen deñemäň. Alla ybadathanada däl o ýerde ýaşanok. O biziň içimizdedir. Emma muny herkim duýup bilenok. Unutmaň! "Allany söýýän" diýip doganyny ýigrenýän ynsanyň söýgüsi Ýalandyr. Çünki görüp duran doganyny söýmedik kişiň, görmeýän
Maksat aga ginishleyin dushunje berayseniz, eliniz bosh wagty. Agzalar aranyzda bilyaniniz bar bolsa sizdenem jogaba garashyan
Çingiz hanyň 1227-nji ýylda 65 ýaşynda aradan çykanyndan derrew diýen ýaly onuň nirede jaýlanandygy hakda köp mifler ýüze çykypdyr. Mundan başga-da, onuň ölüminiň sebäpleri hem aýdyňlaşdyrylmady: onuň ölümi hakynda pnewmoniýadan başlap atyň şowsuz ýykylmagyna çenli görnüşleri bar. Ýöne onuň haýsy ýerde jaýlanandygy entek belli däl. Esasanam bu syry açmak kyn, sebäbi jaýlanyş çäresine gatnaşanlar
Edison elektrik lampany oýlap tapmak üçin iki ýüzden gowrak synanyşyk edýär. Lampanyň içine goýmaly sim üçin iki ýüz töweregi madda ulanypdyr. Edisondan «Şu güne çenli elektrik lampany döretmek üçin iki ýüz gezek dagy synanyşdyň. Sen näme üçin bu işden el çekeňok?» diýip soraýarlar. Şonda ol ruhubelentlik bilen şeýle jogap berýär: «Hiç haçanam el çekmerin! Yhlas bilen kakylan gapy ahyry bir gün
Bir derwüş şägirdi bilen güýçli ýagan jaladan soň lüýk bolup ýatan ýoldan ýöräp gelýärkäler, owadan bir zenanyň batgalykdan geçip bilmän durandygyny görüpdirler. Ine, onsoň derwüş sen-men ýok, geläge-de ýaňky zenany arkasyna alypdyr-da, batgalykdan göterip geçiripdir. Derwüşiň şägirdi muny görüp, ör-gökden gelipdir. Ol gözlerini alardyp piriniň bir zenany batgasyz ýere eltip gaýdyşyny synlapdyr.
It bilen ýatan, bit bilen turar. (Jon Florio) * * * Gowy adamlar bilen dost boluň. Erbet adamlar bilen dost bolanyňdan ýeke galanyň ýegdir. (Jorj Waşinton) * * * Biziň iň wepaly dostumyz kölegämizdir. Ýöne şol hem bize ýoldaş bolmak üçin güneşli howa garaşýar. (Gegel) * * * Aýna meniň iň wepaly dostumdyr. Sebäbi men aglanymda ol gülmeýär. (Çarli Çaplin)
«Coca-Cola» kompaniýasynyň öňki ýerine ýetiriji direktory Braýan Daýsonyň otuz sekuntlyk çykyşynda sözlän sözi: Durmuşy bäş topy howada aýlap, ýere gaçyrmajak bolunýan oýun diýip göz öňüne getiriň. Şol toplar – iş, maşgala, saglyk, dost-ýarlar we ruhumyz. Siz bularyň baryny ýere gaçyrman, howada aýlap dursuňyz. Bularyň arasyndan «işiň» rezin topdygyna düşünmek size kyn düşmez. Sebäbi ol eliňizden
Şol wagtlar hem Magtymguly atasynyň okadýan okuwçylaryna goşulyp mekdebe gatnap başlapdyr. Onda her bir sapagy tiz özleşdirmek, ähli zada yhlasly ýapyşmak endigi,her bir zady ilkinji gezek görýän ýaly duýgululyk bar eken. Okuwda geçilýän sapakdan başga, öýde Döwletmämmet molla bilen ikiçäklikdäki söhbetleri hem Magtymgula uly sapak bolupdyr. Başyna gonup başlan sowallara jogap tapdygyça olar
NASA Ýerdäki adamlary göni ýaýlymda şöhle bilen üç ölçegli surat arkaly kosmosa iberdi. Alymlar “holoport” tehnologiýasy arkaly Ýerde oturan ýerinden Halkara kosmos bekedindäki (HKB) astronawtlar bilen duşuşdylar, salamlaşdylar. Amerikan aerokosmos edarasy gologramma tehnologiýasy bilen doktor Josef Şmid we onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň wekilleriniň şekilini HKB-ine iberdi. Kosmosa gaýybana
Omar ibn Abdyleziziň ogullarynyň biri elindäki ýüzüge müň dirhemlik gaş satyn alypdyr. Kakasy oňa hat ýazypdyr: «Oglum, eliňdäki ýüzüge müň dirhemlik gaş satyn alandygyňy eşitdim. Sen şol gaşy sat-da, onuň puluna müň sany ajy doýur. Barmagyňa halys ýüzük ötürmek isleseň, demir ýüzük satyn alyp, onuň ýüzüne «Özüniň ýagdaýyny bilýän adama Alla rehim eder» diýen sözleri ýazdyr. Her wagt ýüzüge göz