Men Ýusup däl. Men Ýusubyñky ýaly düýşem göremok. Ýusubyñky ýaly kakam Pygamberem däl. Men Ýusup däl, şonda-da doganlam meñ ölmegmi isledi. Menem ýençdiler.Suwa-salma. Özüm gitdim dogtara. Ölmek isledim. Gitmän ölüme-de garaşyp bilerdim. Ýöne tüýs ýaşamaly ýaşda ölesim gelmedi. Gorkdym. 83% çişip-ulalypmyş ýüregim. Ýarylaýmak ähtimallygam bar ekeni. Ýarylmandyr. Menem ölmändirin. Henizem
Hekaýadaky aýdylýan zatlary barlap görmek maslahat berilmeýär. Ol Size laýfhak däl! Kapasadaky ýa-da gorkak guş Irden oýandym. Her günde bolşy ýaly, kimligim we niredeligim (umuman näme zatlygym) aňyma gelýänçä bäş minut dagy oýa ýatdym. Soň ýuwaş-ýuwaş ýadyma düşüp başlady... ... Men Anna we men öýde ekenim. Kellämi günorta bakdyryp ýatyryn ekenim. Ýarganat ýaly başaşak sallanyp duramok ekenim.
Tussag – Men, Anna. Tanşanma o diýen şat däl, şatsyz hem däl. Umuman maňa barybir. Ýöne sen hem gepiň gerdişine görä, “Menem şat” diýen bolarsyň. Begenmekden ýaňa guş bolup uçmaýanyňy ikimizem bilip durkak nobatçy gürrüňler kakynymy tutdurýar hem entek uzagyndan meniň bilen tanşanyňa şu wagtkyň ýaly “şat” bolmajagyňy aýdaýyn. Nämede galdyk... Hä... Hawa... Men, Anna. Düşünip bilýäňmi?! Men! Men,
Sen ölersiň. Bu hakykatdan näçeräk habarlydygyňy bilemok, ýöne muny kelläňe sal. Wagt çalt geçýärkä, her sekundyň bugarýarka wagtyňy boş zatlara sarp etme. Okamak isleýän kitaplaryň, görmek isleýän filmleriň we ýazmak isleýän zatlaryň bardyr. Daş-töweregiňdäki adamlaryň seni aldatmagyna ýol berme. Olar hiç zady bilenoklar. Olaryň özlerini rahat alyp barmagynyň sebäbi: hiç zady bilmeýänligidir.
HOWUM BASYLÝAN ÝER... Bankyň gapysyndan ätledigim bes, tolgunmakdan ýaňa ýüregim agzyma gelýär. Onuň işgärlerini görsem-ä, hasam egbarlaýan. Kiçijik penjireler diýjeksiň, şolara-da gözüm düşdügi dünýäm daralyberýär. Garaz, şol ýerdäki bar zat meň howumy basýar. Banka baryp, ol ýerdäkiler bilen iş salyşmaly bolsam, jogapkärçiligi-beýlekini bilmeýän barypýatan bir nadana öwrülýän oturyberýän. Men
Iller aýtdy. Duýýarmyşlar: Meniň menden geçenimi… Hiç-le! Bilsinler bar zatdan, Şygry saýlap seçenimi Käte şemaldyr öýdenlem, Tupan bolup çyksa-da hiç Göwne degmedik göwnümem, Öz-özüni ýyksa-da hiç. Diýmen asla: “Şowsuzlyklar Bar umydym tala daňar…” “Gijäň hökmi Güneşe çen” Wagtlaýyndyr aladalar… Synag sapylan günleriň, Gorkamok men neşderinden. Bolan, boljak ýeňlişlerim Poeziýaň leşgerinden…
Gürleme! Diliňe alma! Sözde ýalan bar. Gepiň içine salma Garma saman-sepile Sygdyrma dile Gürleme! Gürrüňde kölege, Şelaýynlyk, haýýarlyk. Haramlyk, haýynlyk Näme diýseň bar Sözde. Gürleme. Gögüň gümmürdisi, Asmandan daman damja... Ejemiň gözleri, Çytyk gaşlary kakamyň... Çagamyň boýnundaky düwmäň Şyňňyrdysy. Çüýi gowşan gapymyň Çalaja iňňildisi. Dagdan iýnen dury çeşmäň Şildirdisi... Ýüregmi
ÖMÜR HAKDA OÝLANMA Meger, Ýyllar geçdi gitdi deňimden, Meger, Men ýyllaryň deňinden ötdüm... Ganyp jahyllygyň gyzgyn deminden Kämillik bazarna gul bolup gitdim. Bu bir gysga ömür, Başagaý ömür, Ýowuz girdabyna gark edip barýa Sen hars urýaň ony uzaltjak bolup, Sen çarp urýaň ony ulaltjak bolup... Ol bolsa (Bir görseñ!!!) Terk edip barýa. Bir görseň, Geçirip şowhunly ýazy, Döküp dur ýapragyn ömür
Bir gezek gaty baý adam öz ogluna pulsyz ýaşamak nähili bolýandygyny görkezmek üçin ýeke-täk maksady bilen ol oglanjygy ýurduň köp ýerlerine aýlapdyr. Birnäçe gün gaty garyp maşgalanyň fermasynda boldular. Öýüne gaýdyp barandan soň, kakasy syýahatdan lezzet aldymy diýip sorady. Oglan: "Kaka, haladym" -diýdi. Garyplaryň nähili bolup bilýändigini gördüňmi? - ol adam sorady. - Hawa,
Günler şu gün bilen gutarmaz, ýene Şinelär lebleňde, gör, näçe şygrym. Ýadawlyk maňlaýmy ýagjartdy, göýä, Meň özüm-özüme artykmaç, agram. Boluşyna görä ýaşaryn, ýene Ýok bolup gitmerin ýeriň ýüzünden. Hökman däl bar zada gabaryp ýörmek, Meň uly ýalňyşym — ýüreksizligim. Göreris maňlaýa düwülenini, Eger ykbal bizden çekmese elin. Seň üçin ömrümi ýaşaryn aldap, Sen maňa umyt ber ýekeje döwüm!