Статьи по выбранной дате

Saýtdaky söýgülim (eksklýuziw)...

Salam söýgülim! Seň adyňy köpçülikde şunça aýtmajak bolsamam barybir aklym özüme boýun egmän şu mowzugy açmaga mejbur etdi. Eger saňa irräk duşan bolsam, belki-de has bagtlyrak bolardymmy, bilmedim. Men diňe bir zady bilýän, men indi sensiz ýaşap bilemok. Men diňe bir zady bilýän, sensiz bu durmuşum manysyz goşgulara meňzeýär. Aradaky "Islenendäki isleglim" goşgymy okap gaty görüpsiň,

KÖÇÄMIZDE

Köçämizde iki çaga uruşdy, Ylgap çykdy her gapydan bir aýal. Gök gapydan orta boýly Ogulşat, Ak gapydan uzyn boýly Aýjemal. -Seniň maňkalyňa urdyrar ýaly, Ýolda ýatan düýbi gopan tanka ýok. Gök gapyly goýar ýerde goýmady, O goýmasa ak gapylam goýanok. Ogulşadyň eli durşyna hamyr, Aýjemalyň eli durşyna palçyk. Aýdymlarda wasp etmeli gelinler, Şeydişip dursalar erbedem boljak. -Çagaň şol agaçdan

Döwür beýle däldir

– A-gyz, näme, hanmydyň sen! Geýinýärsiň beýle gymmat?! Her ýaglygyn – iki goýun. Her ýüzügiň – bir bedew at. Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr – Iller geýýär, menem geýjek. Döwür şeýle, döwür. – Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň? Altyn seni ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr otuz ýaşyň. Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir.. – Iller şeýdýär, bizem şeýtdik, Döwür
6
161

Maşyn... maşyn... maşyn...

Maşyn maşyn maşyn Gündogar tarapmy günbatar tarap Tagtamy Murgapmy Sayatmymy Farap Tejenmi Duşakmy Kakamy Mane Nirdedigi hokmanmy name Birinin oyunde düşdüm men gonak Ş harpyndan yana bez boldy gulak Ertirki barşyma bolyancha peyşin Ahli eşiden sözüm Maşyn maşyn maşyn Ortada çişlikli kebaply saçak Saçagyng daşynda bir topar goçak Brigadir agranom,mugallym müdür Agzynda omaça elinde petir

Fizika dersi boýunça Ýokary Okuw Jaýynyň giriş synaglarynyň soraglary

Arada fizika dersinden ÝOJ-dan düşmegi gaty ähtimal bolan gollanma tapdym, egzaminde 1,2,3 soragnama bolup gelip bilýän eken (egzamin bilet satýanlaram şundan üýtgeşik zat satanoklaram) . Fizika dersinden taýynlanýan abiturent agzalara belki menden kömek bolar öýdüp paýlaşasym geldi... Üstünlik ýaryňyz bolsun saýtymyzyň geljekki fizikleri !!!(fizikler barmy araňyzda?) Soraglar: 1. Göniçyzykly

Gurban baýramy

Hawa hemmeler gurban baýramyna gidýär. Bu wagt näme barada ýazsa bolar. Gurban baýramyna degişli bir zat ýazylan bolsa has hem gowy bolardy. Mysal üçin gurban baýramynyň gelip çykyşy barada. Gadym zamanlarda bir pygamber bar eken. Rowaýata görä. Ady eger çyksa ýa Ybraýym ýada Ysmaýyl. Irte döwürde okapdym. Ýewreý dinine degişli. Ol döwürde gurban baýramy üçin adam gurban edilýän bolupdyr. Ine,
3
183

Google işgäri, kompaniýanyň emeli intellektinde aň alamatlarynyň barlygyny anyklaýar.

Google işgäri, kompaniýanyň emeli intellektinde aň alamatlarynyň barlygyny anyklaýar. 2021-nji ýylyň güýzünden başlap, bolup biljek agressiw jogaplary aradan aýyrmak üçin emeli intellektiň özüni alyp barşyny öwrenýän, Google-yň programma üpjünçiligi inežreneri Bleýk Lamon, LaMDA nerw ulgamynyň (söhbetdeşlik üçin niýetlenen) öz aňynyň alamatlarynyň bardygyny ýüze çykardy hem nerw ulgamynyň özüni

Durmuşyň aýylganç pursatlary

Birden onuň kellesine bir pikir geldi. Mundan öň gelmedik ýada üns bermän şu wagta çenli gelen. -Durmuş aýylganç pursatlardan durýar. Dogry, onda mylaýym, göwüne ýokujy pursatlar hem bar. Emma ol gaty az. Bu mylaýym pursatlar durmuşyň aýylganç pursatlaryny basmarlamaýar. Edil käsä salynan şeker ýaly. Şekeri az çaýyň tagamynyň pes boluşy ýaly. Durmuşyň hem tagamy pes. Onda zulum köp. Ýöne bu
1
111