Статьи по выбранной дате

Nabelli gahrymana...

Blogun adyny okap goshgy yadynyza dushendir haa? Yok bu gezek gurrunimiz goshgy hakynda dal. Onda name hakynda diyyanizmi? Bugunki gurrunimiz ahli teswirlerimi layklayan eli acyk agza hakynda. On uns bermandim yone shugun "Haysy skriptde..?" bloguma seretdim welin kimdir biri yaltanman herbir teswirime layk basypdyr. Kone tanyshlaryn birimika ya-da..?! Umuman sho geroy kimem bolsa

Dünýädäki käbir geñ zatlar

• Dine towşanlar we pabugaý guşy kellesini yza aýlaman yzyny gorup bilyär. • Titanik filmindaki parahody yasamak ucin 7 milyon dolar harclandy. • Her asgyramyzda, beyin öyjukleriniñ, birnäçesi ölýar. • Gadymy Gresyada baýlar çagalarynyn ömri boyunca tüý cykmaz yaly etmek uçin çagasy dogulan wagty zeytun ýagyna salyp çykarýalar. • Ömrümiziñ 6'da 1'i çarşenbe günlerinden geçýär. •

Çary Ýegenmyradow Seni ýatlap...

Indi hiç zat ýüregimi gozganok, Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da. Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum, Bu günem bir toýda boldum tamada. Dünýäniň şowhuny azalan ýaly, Ýekelik höwesi aňyma ýaýran. Edil häzir jaýlar uçup gitse-de, Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran. Her zat boljak eken ýagty dünýäde, Bolman biljek eken, bolmaly zadam. Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa, Ýürekdeş dostuny küýseýär adam.

Aydym duzmek barada

Şygyr bilen gyzyklanýan we aýdymyñ sözlerini ýazmana synanýan dostlarmyza azajygam bolsa kömek bermek maksady bilen ýazan bu makalanyñ Enşalla peýdasy deger. Aýdym sözlerinde öñiñde bir adam bilen gürleşip duran ýaly ýazmak açyk ýyljak lirika baý sòzleri tapmaly. Mümkin boldugyndan ýönekeý üýtgeşik tâze jümleler tapmak hökmandyr. Ýene-de möhim bilmeli zadymyz aýdym sözlerinde kyn zat añsady

Ejen Kakan yasasyn

Özi iýmän çagasyna iýdiren, özi geýmän balasyna geýdiren, ýadawlygyny bildirmänjik ýylgyran, mähribanlam, ejem kakam ýaşasyn. Mähir muhabbetden söýgi siňdiren, aglamda hüwdülap, sesin diňdiren, tukatlansam şatlandyryp güldüren, mähribanlam, ejem kakam ýaşasyn. Gijesin öwürden gündüzlerine, düşündim durmuşyň düzgünlerine, sebäp bolsam, olaryň gülmeklerine, mähribanlam, ejem kakam ýaşasyn. Şükür
0

Suwdan öwreniň..!

Suw ýaly deň garaň! Asmandan inýän ýagmyrlara serediň, ol hemmeleriň üstünden deň ýagýandyr. «Pylany gowy, diňe şonuň üstüne ýagjak. Pylany ýaramaz, asla golaýyna barjak däl» diýýän däldirler. Sizden edil şol ýagyn-ýagmyrlar kibi adamlara deň garamalysyňyz. Suw ýaly ýumşak boluň, ýumşak häsiýetli bolmagy suwdan öwreniň. Ol dürli görnüşli, al-elwan reňkli, agyr we ýumşak zatlaryň, daşlaryň üstüne

Güljemal han(1836-1925) Merwiñ iñ soñky hanlarynyň biridir.

Güljemal han Merwiñ iñ soñky hanlarynyň biridir.Onuñ döwründe türkmenler Nurberdi hanyñ baştutanlygynda birleşigi agzybirligi yola goýupdyrlar. Güljemal han 1836-njy ýylda hazirki Ahalyñ Tejen şäherinde dünýa inýär, kakasyna Töre sahy diyipdirler,Güljemal özüniñ yaş döwürlerinde ýowuz(Sarahs soweşi muňa mysal) günleri başyndan geçiren Güljemal han Teke turkmenleriň Togtamyş tiresindendir. Ol

Salam Ýanan-ýürek. (❤️?)

Bir hekaýa:çölde bir atly, pyýada kişä gabat gelýär. Pyýada atlydan kömek sorap, ugurlary bir bolsa atyny gezekleşip münip gitmegi haýyş edýär. Atly muňa razy bolup pyýada kişä kömek edýär. Galan ýoluny atyny pyýada bilen gezekleşip münip dowam etdirýär. Barmaly ýerlerine ýetip barýarlar at münmek gezegi hälki pyýada adama ýetýär. Ol ata münen badyna batly çapyp atyň eýesini çölde taşlap gitýär.
0