Статьи по выбранной дате

Itiň haly dokaýşy

Itiň haly dokaýşy Gyşyň aňzagynda,sowuk howada, Bir it ýaz günlerin salypdyr ýada. "Gyşdan çykyp bilsem dokajak haly, Indiki aňzakda üşemez ýaly. Gyşda şol halynyň üstünde ýatsam, Süýjije düýşleriň tagamyn datsam. Hemem iýsem bir etlije towugy, Täsir etmez ýüz aňzagyň sowugy" Diýip, öz-özüne göwünlik berdi, Ýaz geldi unduldy gyşdaky derdi. Ýazda gyş günleri ýadyna düşmän, Güneşde

Öwrenilen endik

Waka birtüýsli üns bererlik: Ýaponiýada 30 ýyl bäri gözlenýän terrorçy aýal lideri tüssesi bilen halka ýasap çekýän çiliminden tanalypdyr. Ele düşmezlik üçin erkek sypatyna giren, estetiki operasiýa etdirip, ýüzini tanalmajak derejede özgerden terrorçy, diñe üýtgedip bilmedik endigi sebäpli özini tanadypdyr. Egin-eşik çalşyrynyp biliner, bedende operasiýa geçirip üýtgeşmeler edip bolar... ýöne

Eşek milli koloritmi?

EŞEK MILLI KOLORITMI? Bu waka Aşgabat telewideniýesiniň ýörjen-ýörjen bolup başlan ýyllaryna degişli. Şäheriň ilersindäki baýryň depesinde antenna diňi dikilen hem bolsa, heniz jaýy tamamlanmandy. Maňlaý tarapyndan alty-ýedi otag, kiçi studiýa ýetişipdi. Otaglary redaksiýalara beripdiler. Ol günler XX asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başy bilen gabatlaşýar. Şol gezek çeperçilik geňeşiniň maslahatyna

"Bilseň, bu günleňem möwriti öter..."

▪︎ GÖWÜNLIK Haýp, şat günleň geçişine sered-ä, Bu gün bolsa derdinmeli lukmana. Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän töhmet atyp oturma:ly ykbala. Muny göre-göre gelýän durmuşam, Mundan beter pürkmäwersin awusyn. Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam Meňzemeýär ýelegine tawusyň. Toýuň bolar şol sähetli senede, Galman bilmez monjuklaryň düzülmän. (Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da ýüregim agyrýar,

Ykbal bizi hiç sebäpsiz duşurdy...

"Ykbal bizi hiç sebäpsiz duşurdy" (Ýöne ýere diýmegiňem ähtimal) Emma seniň bu aýdýanja sözlerňe Men birjigem ynanmaryn mähriban Men-ä ilki ekin ekeli diýýän, Senem bolmaz diýýäň, (entek ekmänem) Hemem, bizi ýöne duşurar ýaly, Barypýatan işsizmikä ykbalam?! Seniň edýän küýlerňi bilmen, emma, Gördüm seni öz bagtyma müwessa Seniň sada, çaga kimin kalbyňy Çalyşmaryn özgelerden müň essä

BU DÜNÝÄ

BU DÜNÝÄ Ýaşaýyş — eşret-aýyşmyň? Ajal — bakylyga yşmyň? Men eýýamyň öweý ogly Haýsyň aldyň buz deý yşgym? Ömür — kätip, ölüm — kämil Kaýan ýüzüp barýaň gämim? Geçmiş — gije, geljek — gije Bolanda nä! Haýsyň nänim? Men geýmedim hüýpüpik täç, Gallaç ýatdym güýlünip kän. Menem bu dünýäň ýüzüne Tüýkürilen tüýkülik däl! Ömre baha goýlan — nepdir, Ynsan derdi gepden depdir. Ömür diýlen — ölmek üçin

⭐⭐⭐

Eger birine näme sowgat aljagyňyzy bilmeýän bolsaňyz, sowgat aljak adamyňyza saňa bir sowgat aldym nämedigni biljek bol diýiň. Size hökman öz halaýan zatlarny sanap başlar. *** Lukmandan: "Sen gowy terbiyäni kimlerden aldyň?"- diýip sorapdyrlar. Lukman bolsa: "Edep - terbiye görmediklerden. Sebäbi olara öykünmejek boldum." - diýip jogap beripdir. *** "Ähli erkekler

Islenen habarlar (2)

Salam hormatly Islenençiler! Sizi saýtymyzda 24 sagadyñ dowamynda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşdyrýan Islenen habarlar gepleşigini okamaga çagyrýarys. @Şoşonyñ "Abaddon,gölämiz enesini emenok,düzedip beräý" diýen mowzugyny okan aladaçyl adminimiz Abaddon olaryñ gölelerini görmek üçin @Şoşolara tarap ugrapdyr. Aýdymçylaryñ gazanýan pullaryna gözügidijilik bilen garan @Ahmedik

Zulum içinde gizlenen adalat...

Bir gün Musa Pygamber daşyndan seredeniňde adalatsyzlyk we zulum ýaly görünýän syrly wakalaryň iç tarapyndaky adalaty görmek isleýär. Munuň üçin bolsa Allaha ýalbarýar. Alla onuň bu dilegini kabul edýär. Oňa dört ýoluň çatrygynda ýerleşýän bir çeşmäniň gabadynda gizlenip, bolup geçjek wakalara üns berip seretmegi buýurýar. Hezreti Musa salgy berlen çeşmäniň gabadyndaky agaçlygyň içinde oturýar,