Bu ýazlar göwne degmedi... Bu ýazlar göwne degmedi, Ak gyşa meňzemediler. Ýylgyrşym täsin göründi, Gamlansam geňlemediler. Salam berdim ynsanlara, Ynsan dälem unutmadym. Giň boldum bu dünýädenem, Gaýyp ýören bulutmydym?! Diňlenmek arzuwy hemmäň, Diňlemek weli... Kim bilýär. Kä adam bar kemçiligni, Ýüregi bilen kem bilýär. Ýürekden söýdüm daşymy, Söýgä bir mätäçmidiler?! Ah, bu ynsanlar şonda-da,
Leýlisaç (Gahryman Arkadagymyzyñ “Leýlisaç”aýdymyna bagyşlanýar) Birdenkä göwünde leýlisaç dömdi Del aýdyma imrinäýen pursadym. Kalbymdan suw içip, gol ýaýradypdyr, Barlasam boşap galypdyr gursagym. Ýok! Ýüregim alyp, çäklenmedi ol, Ädim ätjek bolup durdum howluga. Bilmen, ýöredimmi, howada gaýdym? Asyl, seri humar eýlän leýlisaç Zülplerini düşän eken ýoluma. Gurbanyň bolaýyn, tel-tel leýlisaç,
*** Uzakda bir ýerde oduň ýylysy. Uzakda bir ýerde yşyk görünýär. Üşeýän kalp ýylarmy? Garaňky jaý ýagtylarmy? Bilemok. Umyt bar hernä. Sergezdan hyýallaň yzyna düşüp, Bir gülälek göwnüň kakyp gapysyn. Ýanyp dowzahyň däl, Gözleň oduna Kaknus deý täzeden döräp, köşeşip bolarmy? Bilemok. Umyt bar hernä. Ýürek bir zatlara gyýylýar hemem Aglaýar şu günüň, ertäň agysyn. Ýele giden günler gaýdyp
Ýatlama Gutardy! Hemmesin düýşümde görýän, Geljegiň Güneşi öçdi bireýýäm. Bagtly günler geçip gidensoň deňden, Gyşyň sowuk ýellerinde titreýän. Durmuşyň manysy bolupdyr tamam, Söýgi, Ynam, Şatlyk — bary hoşlaşyk, Maňa bir galan zat — diňe ýatlamam, Onam gidenlere bilsemdim goşup. Aýralyk Gözýaş bilen ümsümlikde, Çat açypdy göwünler, Hem-de ikimiz şo pursat Aýra düşdük ömürlik. Ýaňaklaň duw ak
Beýiklik Watan — maňa berlen ikinji ömür, Ýaşap ýörün ýetjek bolup gadyrna — Doga edip, baky sarsmazlygyna, Togap edip, beýik-pesli adyrna. Ornunda hiç zady goýup bolmajak, Goýnunda mynasyp orun tapanym. Bilip bolmaz, birden ýitirsem ýadym... Seni ýadymdan däl, kalpdan taparyn. Seň adyň dilime gelýär-de durýar, Ýap boýunda ygşyldanda gamyşlar... Çagalyk hiç ýatdan çykarylmaýar, Ýatlamalar özün
14 -nji iýulda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazeti bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yglan eden «Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly bäsleşiginiň jemi
Halk arasynda birhili ýürege jüñk bolýan aýtgylar bar. Geliñ husytlyk hakdaky aýtgylardar ýatda galanlardan; goşgy setirlerden aýdyşalyñ. Ine menden 2 sanysy: It haýyr görmez, Bitini iýme.. Dowamy sizden
Uçup ýördük el berişip howada Uly-uly arzuwlara başlaşyp Söýgümizi tapypdyk biz sabada, Öýle wagtam ýetip geldi - hoşlaşyk Ol sabanyň günäsi-de ýok asla, Gaýtam ol, päk söýgümizi duşurdy Birden aýralygam geldi-de haslap, Süýjäp başlan söýgümize diş urdy Ah, indem... Gutsyz göwnümi pa:ralap Çekip ýörün şol dişiniň yzasyn Sen bolaýsaň, kesselerem arylap, Şübhäm ýokdur gezjegime - yzasyz Men-ä seni