Geçen ýylyň ýanwarynyň sowuk agşamlarynyň birinde iki ýarym müň adam Nýu-ýork «Pensilwaniýa» myhmanhanasynyň uly tans zalyna ýygnandy sekiziň ýarynda hemme ýerler eýelendi. Zala girmek isleýänler sekizde-de topar-topar bolup gelip durdular. Birsalymdan uly eýwan hyryn-dykyn boldy. Indi zala alma atsaň ýere gaçjak däldi. Uzyn gün işden aryp gelen adamlar şol agşam bir ýarym sagat aýak ustünde dik
Köp sanly adamlar öz telekeçilik işini açmak isleýär. Iň bolmanda, özbaşdak işewürlige başlamak pikiri wagtal-wagtal siziň aňyňyza gelip biler. Kompaniýa özbaşdak ýolbaşçylyk etmegiň artykmaçlyklary diýseň köp — özüň özüňe başlyk, öz özüňe işleýäň, iş tertibini özüň düzýäň. Ýöne geliň açyk gürleşeliň. Artykmaçlyklarynyň bardygyna garamazdan, hususy telekeçilik — örän jogapkärçilikli wezipe.
Çarbaglyga çykyp oýnadym sema, Nabat atdym dünýäň pyýalasyna. Ugradym Möwlanaň meýhanasyna. Suraý kaýda, Rumy kaýda, aýdyň-a, Gussahana girip, oturdym çillä. Gördüňizmi toý gijesi öleni? Ýok, ýok, ol — men däl. Ýyl aşan gözýaşlam şeraba dönüp, Içim-daşym asyl-asyl howada. Men — semada. Geçdi ömür gan hem meý arasynda, Gömüldim Möwlanaň meýhanasynda. ✏Suraý BABANYÝAZOWA
Acyp kitap gatyny, Gel, goşgy okaşaly. Çapyp yhlas atyny, Gel, goşgy okaşaly. Göwün awlar goşgylar, Garyp köňül haş bolar, Okamadyk daş galar, Gel, goşgy okaşaly. Poeziýa~kalbyňdyr, Ruhyýetden algyňdyr. Mylakada salgyňdyr, Gel goşgy okaşaly. Tüm gijeler nur bolar, Ýekelikde ýar bolar, Onsuz kalbyň daralar, Gel, goşgy okaşaly. Ş. A ýa~da G. Ý
ÝARYM DEGIŞME Ýene şygrystanyñ gapysyn kakyp, Täze setirleri alyp gaýdaýyn. Bu gün baýram güni iñ gowy daýy Saña gutlag bilen arzuw aýdaýyn. Maşynyñ tekeri ýarylmasyn hiç, Ýalñyşyp gulagñy kesmesin dellek. Söwdegäriñ nesýe ýazýan depderne, Seniñ adyñ hiçem bolmasyn bellik. Köwşüñ ökjesine degmesin tozan, Aswaltlañ jaýrygy tutmasyn badyñ. Meni hem mydama ýatlaryñ ýaly, "Kädijik" iýip
Bir-biriňizden ýagşy bolsaňyz – Gabrymda-da özge rahat küýsemen. Haýra hossar, Şere garşy bolsaňyz – Zyýarat şol. Görde köýmet küýsemen. Käte ýanyp gezdim, Käte tüsseläp. Käte üşäp gezdim. Käte yssylap. Kä belentläp uçdum, käte pessaýlap. Öz uçuşym. Özge ganat küýsemen. Bogulyp gezsem-de ýoluň çaňynda, Egilip gezmedim adam öňünde. Diňe Enem, Atam, Watan öňünde Üç büküldim. Aýry kysmat küýsemen.
Pygambermizin(S.A.W)wagtynda,iki adamyň arasynda sogüsme wakasy bolip gecdi:Olardan biri sogundi,yone beyleki adam dymdy.Aralarynda Pygambermizem (S.A.W) otyrdy.Sonra halki dymyp oturan adam soguncleri yzyna gaytardy(sögdi).Pygambermiz(S.A.W)bolsa mejlisi terk edip daşary cykyp gitdi.Soradylar name ucin turyp,cykyp gitdiniz diyip.Pygambermiz(S.A.W)seyle jogap berdi:"Perisdeler turdy,menem
"Haýsy bagtdan ýüz öwürdin" diýseler Hasrat bilen sana tarap ümlärdim Gara gözüm gara ýaşa doldyryp "Şol goç ýigit men ahmyrym" diýerdim Hem diýerdim "Yşkym bolup gurady Zalym söýgi uýmady men derdimi Ine menem hemmeler eý söýdima Hasrat berdi birje bagty berdimi?" Ine ýürek şeýleräk bir dert çekýä Duşman gülüp gök aglaýa halyma Uly dünýä gysyp gowrup köseýä Gin
Bu bir durmuş munda köp zat bolup dur, Ýandak gülläp otyr bägül solup dur. Saňa akyl berýä iň sam.syk adam, Iň akylly adam akyl alyp dur. #Şu goşgyň adyny awtorny bilýäniň bar bolsa aýdaýyň
Ýeňsäňden el kakyp geçer, Kakaň başyň sypamasa. Ýöräp barýan ýoluň öçer, Kakaň başyň sypamasa. Durmuş saýlar öz merdini, Başa täç etmez her kimi, Iller götermez derdiňi, Kakaň başyň sypamasa.