Статьи по выбранной дате

Ýygy-ýygy sesiňi bir eşitdir...

Aram-aram sen düýşüme girýärsiñ, Gamgyn halda, gussalyja keşpde, Aladaly ýürek biraz giñesin, Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir. Sen bolmasañ asman basýar depämi, Syn edýärin minutlaryñ togtaşyn, Bir wagtlar ýetip geljek ajalym, Üzjek ýaly dañyk duran nogtasyn. Kemilemde sözleñ bilen çoý meni, Aýazlarda mähriñ bilen ýylaýyn, Bir dilegim, iki barmak mañlaýa, Alla seni ýazan bolsun ylaýym. Aramyzda

Durmuşda iň uly aýlawa düşüp...

Durmuşda, iň uly aýlawa dűşűp, Kä ýykyp, kä bőkűp kőteller sőkűp, Bir őműrlik şalyk, şonçarak şatlyk, Hem őzűmi tapdym gőzlerňe bakyp. Goşa tarly dutar eken őmrűmiz- Aýtdy muny, seniň menden daş gűnűň. Geçmişe däl, Seň gozleriň çuňuna, Alyp gaçýar, seýle gelen ýaşlygym. Saňa duşup, Özgerdim men- Gözlerim, Dura-bara ak-garany seljerdi. Sada kalbym boş wadalaň ýelkenin, Götererden juda-juda

«Marlboro» şereketiniň şöhratlanmagy

«Marlboro» çilimini bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Diňe brendiniň bahasy milliardça dollar bolan bu şereketiň biziň günlerimize çenli gelip ýetişiniň hekaýaty diýseň gyzykly. Bir mahallar «Marlboro» şereketiniň temmäki zawody batmak derejesine ýetipdir. Günlerde bir gün zawoda bir adam gelip, şereketiň girdejisini üç aýyň dowamynda üç esse ýokarlanar ýaly edip biljekdigini, özüniň bu hyzmaty üçin

Neme....

Neme Kelamlar içinde «neme» diýlen şeýle düşnüksiz hem gümürtik, ýöne ähli düşnüksiz hem gümürtik zatlary düşündirip bilýän bir söz bar. Sözem däl-de, söz çalyşmasymy ― nämemi… Dilçiler näme diýýälerkä şoňa, ýa olaram «Neme-dä…» diýip oňaýýalarmyka? Her bir ugurda, her bir zatda bolşy ýaly, bu «nemäniňem» öz ussatlary bolýar. Meselem, Nedir! Haçan, nireden, nädip gireni nämälim bu sypjyk söz

Dogry, ýollar käte ýadatdy meni

"DOGRY, ÝOLLAR KÄTE ÝADATDY MENI..." Gurrasy ters düşýän tersa ykbalym Bagtly pursatlara soranda idin, Gysymymdan ak bagtymy sypdyrdym. Ýa söýdümmi seni ýazgytdan bidin?! Hakykat hyýal däl ýa-da arzuw däl, Oňatlyga ýorulsa-da düýşlerim, Beden, ruhum aýrylyp bir-birinden, Terse çekdi hakdyr öýden işlerim. Bagtyň deňlemesin çözüp bilmedim, Gözýetim deý galdyň juda alysda. Bir zady bil:
5

Ýekelik...

Şu pursat hiç zadyň parhyn bilemok, Özümi, dünýäni unudyp barýan Şuwagt Innoplanetýan gardaş diýse-de, Men oňa birjigem bolmaryn haýran Şu pursatda asla haýranym bolmaz Ýyldyzlar göz gyrpyp, gözden ýitse-de Höwesim, haýranym bolmaz hiç zada Agaçlar ädimläp ýöräp gitse-de Belki diýýänlerme düşünen bolmaz Bulary okanam oturyp güler Goý, olar bilmesin, zyýany ýokdur, Ýagdaýymy mydam Ýekelik biler

“Ýaşlyk dramasyna” goşulmadyk setirler (şahyryn arhiwinden)

Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek Ne-de gidenlerden bilerdik derek. Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyn. Şonda-da käteler bälçiräp içgin, Diýerdik: “Söýüşmek hemme wagt mümkin. Öýlenmek gerek zat köpelmek üçin, Urşyn gazap wagty, Adam az wagty!..” Bir ýyllap degmändi lebine lebim Dine gatyşypdy demine demim Soň bir gün bozuldy beýle edebim, Meniň Jeýhun wagtym,

L.Messiniň “dostlugyny” islemedik meşhurlar

Internetde Kriştianu Ronaldonyň abunaçylary rekord derejededir. Kriştianunyň özi bolsa internetde 500-den gowrak akkaundyň abunaçysydyr. Ýöne 28 adam Ronaldonyň dostlugyny kabul etmändir. Messi barada aýdylanda bolsa, onuň üç ýüz milliondan gowrak abunaçysy bar. Messiniň özi bolsa 300 töweregi akkaundyň abunaçysydyr. Ýöne 6 adam Messiniň iberen dostluk-teklibini kabul etmän bilipdir. Ynha olar:

Ýene-de...

Ýene-de bar zady ýigit başlady. Gördi. Söýdi. Mežnun boldy yzynda. Ýigidiň söýgüsi, hyjuw-yhlasy Ýüregine siňip gitdi gyzyň-da. Ýene-de bar zady ýigit başlady, "Söý"-den soň zor bilen sogruldy-da "ýän", Soň özem duýmazdan gaýtalady ol, "Hawa, hawa, seni...söýýän men, söýýän! Ýene-de bar zady ýigit başlady, Şeýtdi-de tutaşdy toýuň gürrüňi. Gyzymyzy gelinlige äkitdi

Göwnüm...

Kakasyndan taýak iýen çaga deý, Göwnüm bir zatlara hamsykdy şugün (Ýere sokduň, mydam pylçadyň, ýördüň- diýe aglamjyrap dillendi göwün) Özge göwne bolsa-bolsun etdim men Hemmesi-de geçdi-gitdi gelşine Göwnüm batgalyga çümdi-le welin, Çykarmadym Gimalaýyň gerşine Käteler edilen zerur ýagşylyk, Ýaşamady kebelegiň ömriçe "Haýyr bolsun" diýe, oturdym, dymdym. Kabul etdim Ýaradanyň emriçe
4