Статьи по выбранной дате

Şugün meni söýseň bolýar...

Gülden görkli, hem aý ýüzlim Kalby tämiz, humaý gözlim Käte aýan, käte gizlin Şugün meni söýseň bolýar Düşün, bile hoşdugyma Sensiz göwre boşdugyna Çydap ara daşlygyna Şugün meni söýseň bolýar Arzuw-uly, umyt-kiçi Sabyr saňa kyndyr neçün? Bagtdan dogjak günler üçin, Şugün meni söýseň bolýar Söýen ýürek köýmez ýaly Aýralygam söýmez ýaly "Düýnem bardy" diýmez ýaly Şugün meni söýseň bolýar
1