Gyşam bosagadan jyklaýar ýene...
Gyşam bosagadan jyklaýar ýene... Onuň gelmegi-de adaty ahwal. Emma, aýralykdan sowan ýüregme, Wagtyndan öň gelen bolmagy ahmal. Eýeläpdir bütin bedeni aňzak, Söýgüň şuwwuldysam ýüregmi gyýýar. Azajyk nur bolsa boljagam welin, Tümlükde sowuklar has beter bolýar. Dolan, güneş nurun saç Mähribanym! Gyş bilen birlikde ulaltma tüni Bu sowuklar asla kär ede bilmez Söýgiň, mähriň bilen ýylatsaň meni...