Статьи по выбранной дате

Ynjaldy.

Durdy şol gezek işden birneme irräk geldi. Öňünden syrtarylyp çykan aýalyna bir zatlar diýip degişjek boldy. Soňam: «Gel-aý, şu oýun bilmeze zat diýmäýin-le» diýip, ýüzüniň ugruna içki jaýa girip gitdi. Eşiklerini çalyşdyrdy-da, öýüň ortarasynda, dik duran ýerinde pikir etdi: «Ertirem dynç günüdir. Geçen aýyň garaňkysyndan bäri zat dadylan däldir, azajyk wuraýsammykam, ýadawlygy çykarar ýaly.
2

Zenan

Zenan-bäş harp. Dünýe ýaly çuň many Zenanlaň dünýäsi şeýle üýtgeşik Siz ýok-manysyz geçerdi bu pany Sizsiz bu dünýä bolardy betgelşik Zenanlar ýylgyrsa älem ýylgyrar Zenanlar ýylgyrsa görk alar dünýä Siz bilen ýaşar iň beýik duýgular Sizsiz näme bolar, aýdyň kim bilýä?! Zenan geçmişiňdir hem-de geljegiň Täze döwür Täze nesil Dowamat Zenan gözüň açyp ilki görjegiň Ýerde dörän gudrat Kerem-keramat
0

Özüme.

Müñ bolup bilimliñ bilegi deyin, Sâherleriñ sergini dey saz bolsam. Köl bolup kopleriñ dilegi deyin, Tawus guşuñ yelegi dey uz bolsam Bady sabañ aydymyna duşuryan, Hut söyguniñ ozi bolsam gowşuryan, Gerek bolsa iki golum gowşurman, Gözelligiñ gözleginde nâz bolsam. Eda bolup gereklere geleyin, Seda bolup yürekleri bileyin, Âlemi üwreyân carhypelegiñ, Gujagynda baky düşlân yaz bolsam. Görsün
0

Garawulhanadaky gürrüňçilikler - 1: SETDAR

GARAWULHANADAKY GÜRRÜŇÇILIKLER (Kökenli hekaýatlar) BIRINJI TOPLUM AWTORDAN Pensiýa ýaşyma çenli entek alty-ýedi ýylyň bardygyna garamazdan, saglyk ýagdaýyma görä, sungat ugurly ýokary okuw jaýlarynyň birinde tutuş üç ýyllap garawulçylyk etmeli boldum. Şonda men her üç günden bir gezek, on iki sagatlyk gelýän darajyk garawulhanamyň içinde köp-köp täsin adamlar bilen tanyşdym, öňden tanaýanlarym

"Jeset ogrysy" 1-nji bölüm

"JESET OGRYSY" 1-nji bölümi. Şäherden uzakdaky obalaryň birinden üýtgeşik habar gelip gowuşdy.Obanyň gonamçylygyna täze goýulan üç sany jesediň mazaryny açyp alyp gidipdirler Bölüm başlygymyz bu işi derňemegi maňa tabşyryp,häziriň özünde şol oba ugramalydygymy aýtdy Oba ýetip baranymda,meni şol obaň gözegçi poliseýi ýada halkyň dili bilen aýtsak "uçaskawoýy" garşy

Ýatlamalara gatanç

Arada şahyr Annaberdi Agabaýewiň Gurbannazar Ezizow baradaky “Ezizowyň emri bilen” atly ýatlamalar kitaby çapdan çykdy. Annaberdi şol kitabynyň bir nusgasyny maňa berdi-de, “Oka-da öz pikiriňi aýt” diýdi. Okadym. Gowy gördüm. Ýöne meniň bu makalam o kitap barada däl. Annaberdi ýaly Gurbannazar bilen maňa görä has içgin, has uzak gatnaşan köp-köp ýigitler barka, şu çaka çenli men özümi o hakda