Статьи по выбранной дате

Çuň ýürekden çykan Salawmaleýkim

Çuň ýürekden çykýan Salawmaleýkim Nirde sen Waleýkim salamyň bilen? Howlukman soralyp saglyk-amanlyk, Yzyndan aýdylýan kelamyň bilen? Salamlaşan çagy ýylnardy üşän, O mähirden indi galdymy nyşan? Beýle-de bir salam bolar oguşýan — Bir menzilden goluň bulanyň bilen. Men-ä salam berdim adam şekilli, Ol çala baş atyp menden bukuldy. Gelşiksiz iş eden ýaly ökündim, Galyberdim özüm salamym bilen.

Meni ýatla..

Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik, Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men. Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam, Gögerenne bir kiçijek şänikden. Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok, Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem. Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar Ýok, ýok "birden aýrylaýsak" diýme sen. Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda, Hemmämizem aglap doglan bäbejik. Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak, Bize berlen ömür

"Altynjan hatyn" eserinden

Käbe şerbeti – kofe. «Kofe» sözi Käbe sözkökündendir. Ko fäniň ilki dörän ýeri hem Arabystandyr. Gapydan – emiriň hyzmatyndaky hyzmatkärleriň ýolbaşçysy. «Kapitan» sözüniň sözköki «gapydan» sözündendir. Gözel gyz döwletleri – Ýewropa döwletleri. Ýewropa – gyzyň ady. Dehkan (dah han) – bu söz malymülki bolan gurply mülkdar adamy aňladýar. Emma her döwürde ol täze mana, täze öwüşgine eýe bolupdyr.

GÜÝZ GOŞGULARY

GÜÝZ GELDI... (Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligini hatyralap) Güýz geldi. Dünýäniň ýüzi agraldy, Sarylyk baglarda başlady “işe”. Biz indi şatlygy unutdyk biraz, Gam çekmek güýze-de, maňa-da pişe. Güýz gelende gussa batýar tebigat, Öz şahyr oglunyň aglap agysyn. Köp ýyllyk aýralyk onuň täleýne Hem agras ýüzüne salypdyr gasyn. Ol perzent dagyny çekýär, Men bolsa, onuň ýowuz ykbalyna aglaýan.

Ikilik etmegiñ kicijek yoklary

Ikilik etmegiñ kicijek yoklary 1 ikilik edyan dowrunizi bir ýyldan gowrak wagtlap çekip bilmersiňiz - şampany bir zatpda içýärler, ýogsam çişip, erbet süýji suwa öwrülýär. 2 Hiç haçan hiç zat wada bermäň we hiç haçan "Men seni söýýärin" diýmäň. Bu kyn, sebäbi ol bu sözleri mümkin boldugyça jübüdiñizi özüne çekerr, 3 Onuň öýünde ýa-da siziň öýüñizda duşuşmañ Diňe kireýine alnan kwartira

Söýýän güýz paslyny...

Söýýän güýz paslyny, Sarylygyny. Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli. Ölüm bilen ömrüň aralygyny Ölçemeli ýaprak şahada häli. Ýöne, ine, Sowuk şemal öwüser, Şonda birden şahasyndan täner ol. Ol howada böker, oýnar, towusar, Kepderi deý gökde agyp-döner ol. Edil gara ýere ýetdim-ýetdimde, Birden ýene galar gider asmana. Garagol çaga deý durmaz hetdinde Ajalyň öňünde gelmez amana. Ajalyny almaýan dek

Geň soraglar

GEŇ SORAGLAR 1. Ol bütin dünýa oziniň döredijiligi, söygi hakda ýazan eserleri arkaly tanalan ol, 56 ýaşynda öziniň doglan güninde aradan çykan. Ol kim? 2. 1492-nji ýylyň awgust aýynda Ispaniýadan Palos şäherine 3-sany ýelkenli Gämi ýola çykýar.Olar «Santa Mariya», «Ninya» va «Pinta».Bu gämileriň kapitany kim bolupdyr? 3. Ol patyşa kagyza goluny çekende hemişe ullakan edip “Men şägirt we Men

Güýz, güýz...

GÜÝZ, GÜÝZ... Gyş göterýä gülberin, Ýaz göterýä güllerin, Tälim alyp tomusdan Güýz sanaýa günlerin. Güýz sanaýa günlerin, Güýz günleri geçip dur, Güýz günleri agaçdan Ýaprak bolup gaçyp dur. Ejizleýä ýapraklar, Güýz şemaly güýjeýä. Oýa batan agaçlar Öten ýazy küýseýä. Gizlenipdir öten ýaz Ýapraklaryň astyna. Çykypdyr güýz şemaly Güýz gününiň kastyna. Ýaprak bulap agaçlar Öten ýazy çagyrýa... Öten
5

1-nji sentýabr

Birinji sentýabr — şeýle täsin gün, Gysar sizi çäksiz ýyly gujaga. Bu gün gadam urýarsyňyz mekdebe, "Hoş gal" diýip, oýnawaja, gurjaga. Kalbyňyz deý akja depderi açyp, Ýazarsyňyz guwanç bilen "A"- ny siz. Aý yzyna aýlar dolanyp geçer, Ýuwaş-ýuwaş saçarsyňyz many siz. Unutmaň hiç, körpejeler, unutmaň, Ähli zat başlanýar ilki ädimden. ... Durmuşda " A" bilen başlanýan