Статьи по выбранной дате

Güýz hekaýa

GÜÝZ Güýzüň gyzylymçyk, goňras, sary ýapraklary Jelal aganyň duşundan şemalyň ygyna eýläk-beýläk gaýmalaklaşyp aşyrym atdylar. Ýapraklaryň doýgunlyk tagamy kükeýän ysy onuň başyny sämetdi. Kellesine symyljyk agyry geldi. Ýapraklaryň möwriti hem oňa juda uzak göründi. Ýüregi gysdy. Dynç alşa çykaly bäri, uzakly gününi howlynyň içinde aýlaň-çaýlaň edip geçirendi gi üçinmi, haýsy gündügi hem
1

ERMENI PÄHIMLERI

ERMENI PÄHIMLERI Garyp towuk iýse, bir emmasy bardyr. Ýa özi näsaglar, ýa-da towugy. * * * Garybyñ içerisini talamak kyrk garakça-da başartmaz. * * * Gorkak it alysdan üýrer. * * * Gün - säherinden belli, ýyl - baharyndan. * * * Düýe äpet, ýöne onam dyza çökerýärler. * * * Ýüpüñ - uzyny ýagşy, gepiñ - gysgasy. * * * Süýji söz baldan datly. * * * Dili uzynyñ ömri gysga. * * * Ogul enesi üçin

@Belki-ň goşgusynyň remix edilen görnüşi :)

Towakga Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriň! Sütüni söýgiden, Kerpiji bagtdan, Daş suwagy hyýal bilen suwalsyn. Asudalyk ornassyn üçeginde, Dolsun süýji sözden alynan batdan. Renklän ony datly düýşleñ reñkine, Poluna düşäýin pikir keçesin. Şatlyk sesi ýan berip diwaryndan, Gozgalaña salsyn ylham köçesin. Penjiresi sap duýgydan gurulsyn, Syrylmasyn perde, men göge bakjak. Yagty günün yssysyna çoýunsa,

Oguz han - Türkmenleriň nesilbaşysy

Oguz han Oguz türkleriniň we şol sanda türkmenleriň atasy hasaplanýar. Onuň döwri bilen baglanşykly rowaýatlar "Oguznama" dessanynda beýan edilýär. Oguz hanyň 6 ogly, Dag han, Gün han, Ýyldyz han, Deňiz han, Gök han, Aý han bolupdyr. Her oglunyň 4 ogly bolupdyr. Oguzlar öz aralarynda boz ok we üç ok diýip ikä bölünýär. Oguzlar 24 taýpadan ybarat bolup, Aziýadan dünýä ýaýrandyrlar.

MEN SENDEN UZAKDA, SENDEN UZAKDA

Diňe göz öňüne getirýän seni, Ses ýeterden, el ýeterden uzak-la. Alys aralygňam bor-la bir çeni, Men senden uzakda, senden uzakda. Ykbalyň ýollaryn kesgitläp bolmaz, Meniň alajym ýok, ara uzaksa. Wah, häzir men seni görmek islärdim, Ýöne men uzakda, senden uzakda. Eşitmek islärdim seniň sesiňi, Islärdim — ezizim elin uzatsa. Aralyk daş ony ýeňip geçerden. Men senden uzakda, senden uzakda.

AÝAL SYPATLY "ARWAH"

AÝAL SYPATLY "ARWAH" Bu gün işden gijiräk çykdym. "6-njy" diýilýän köneräk žiguli maşynym bilen şäherden çykyp obamyza tarap ýola düşdüm.Daş-töwerek garaňkydy.Birdenem ýoluň gyrasynda elini serip ulag saklajak bolýan garryja aýala gözüm düşdi.Onuň eşikleri hapa,sal-sal bolup durdy.Meň garra ýüregim awady.Ony äkitmek üçin ulagy sakladym.Garry aýal maşynyň yzky gapysyny