BÜRGÜT HASABY Gulak goýup söhbedine asmanyň, Zeminden agtarýan onuň ýorgudyn. ...Gargamyşyn diňe milt edip bilýän Gonaýmaga arkasyna bürgüdiň. Bürgüt bürgüt bolýar — parhsyz-perwaýsyz Uçar bararmyşyn — ýoluna rowan. Ýokary galdykça, agralýar asman, Ýokary galdykça, azalýar howa. Belentlikden belentlige bat alyp, Ýaýýar ganatyny erkin, arkaýyn. Şol barşyna asla aňmaýarmyşam Gargaň kelemenläp aşak
Ganatlarym asmanyňdan giň meniň, Sergin sähralaryň — elmiň aýasy. Gündizleriň ýüregimiň agy seň, Aý ýaňak gijeleň — gözmüň garasy. Gözýetimden çala syzylyp duran Durnagöz ýelleriň — tükenmez goşgy... Bu baglaryň, derýalaryň, daglaryň, Obalara, şäherlere, günlere Hem güllere siňip barýan ýollaryň — Seniň güler ýüzüň!.. Ýylgyryş pürkülen üsti-başyna, Lälik ýagyşlaryň, näzik garlaryň Her ýyl
Öýke dälmi ýürekleri gatadan Perzentler öýkelär ene-atadan Sylagy, sarpany har etdi öýke Dogany dogana zar etdi öýke Öýke daşlaşdyrdy ýary-ýaryndan Öýke üstün çykdy ýürek zaryndan Dost dostdan öýkelär, goňşydan goňşy Geň olaryň birek-bireksiz oňşy Üç günden kop bolsa öýkeleriňiz "Musalman däl" diyen Pygamberimiz @Parcha
ÖWÜŞGIN Ýene agşam düşdi. Iňrik garaldy. Eý, Gün! Bu bizden ýüz öwürdigiňmi?! Al şapakda galgap giden öwüşgin Meniň bir bölejik ömürjigimmi?! • Çaga we goja Barýar syryp ýol ýakasyn, Bir-birine aýak goşa — Arzuwa meňzeş çagajyk, Ýatlama çalymdaş goja. Kakamyrat REJEBOW.
Öz işiňi giňeltmek - bu alyp barýan işiňiziň fiziki gerimini ulaltmak diýmek. Meselem, belli bir önümçilik bilen meşgullanýaňyz, goşmaça önümçiligi ýola goýmagyň wagty geldi, emma goşmaça maliýe serişdeleri, işgärler we wagt ýetmezçiligi ýaly soraglar ýüze çykyp başlady. Şular ýaly ýagdaýlar üçin öňünden, giňelmegiň esasy ýörelgeleri barada habarly bolmak peýdaly bolar. Biznesi giňeltmegiň