PYŞDYL Segseninjileň ortasy. Ylmy işini üstünlikli gorap geldi. “Ýaş alym. Höweslendirmeli” diýip, oňa ýoluny hasap etmäňde, Wengriýa bir hepdelik syýahatçylyk ýollamasyny gowşurdylar. Fakultetiň mugallym-talyp – ýerden ýöräni bar bolsa, hemmesiniň başy jem, umumy ýygnakda, dabaraly ýagdaýda. Bir orkestr ýetenok. Onam getirerdiler welin, arman, şo gün depçi tapylan däl bolsa gerek. Öten agşam
UZAK ÖMÜR: HEKAÝAT WE HIKMET Uzak ömür, has takygy ebedi ýaşaýyş adamzadyň elýetmez arzuwy. Ol barada-da ynsanyýetiň tutuş taryhynda, halklaň köpüsinde dürli-dürli hekaýatlaram, hikmetlerem ýeterlik. Uzak ömrüň şol ertekipisint rowaýatlaryna ýüzlenmezden öňünçäsem, uzak ýaşaýyş bilen bagly dünýewi ylmyň resmi ykrar eden ýagdaýlaryna ýüzlenmek ýerlikli bolar. Häzirki döwrüň dünýewi ylmy: Häzirki
Şahyr şeýle gürrüň berýär: Köplerde bolşy ýaly adam öň ýörelip gataldylan ýoldan ýöremegi gowy görýär; ol dartgynly halda erjellik bilen işleýär, ýöne paýhas we ugurtapyjylyk bilen däl. Durmuşda üstünlik gazanyp, girdejileriňi artdyrmak üçin özüňe zor salyp köp işlemek ýeterlik däl. Iş ýörelgesindäki endik edilen, öwrenişilen
Gaharyma Aýjemaly uramda, gatyrak ugraýdym öýtýan onyň gapyrgasyna zyýan ýetdi Öýe gelemsoň yzly yzyna gelýan jaňyn almadym. Ertesi ýene jaňyn saklanyp bilman aldymda - aloo diýdim - Şerzat, bagyşla meni özime näme bolanny bilemok, nadip oňa bolýa diýenim ýada düşenok, gören zatlaryň ikimiziň aramyzda galsyn doganym Serdar eştdip ýuzi gyzmasyn,hiç kime aýtmaýda senden dyzyňa çöküp ýalwarýan : -
Aýna özüne gelende, adam ýokdy. Şol bada kellesine mamasy geldi. Zordan geýnip, ylgap hassahana gitdi. Ol hassahana gelende, mamasyny operasiýa otagyna alypdyrlar. Ejesi aglap otyrdy. Aýna ejesini köşeşdirmäge durdy. Ahmet daýy hem şol wagt geldi. Ahmet daýy Aýnañ ejesine elinden gelenini etjegini, hemme zadyñ gowy boljagyny aýdyp köşeşdirdi. Soñam hassahananyñ çykdaýjysyny tölemäge gitdi.
Hytaýda 15 666 666 666 ykjam telefon belgisi auksiona çykarylar. Guramaçylar onuň ýurtda “super owadan we iň üstünlikli sifrdigini” belleýärler. Bu barada novosti.kg habar berýär. Söwda tas 2 mln dollar başlangyç baha bilen 10-njy oktýabrda resmi taýdan başlar. Bellenilişi ýaly, belgi gizlin çäklendirmelere eýe däl we satyn alnandan soň adaty režimde ulanylyp bilner. Hasapda 55 müň dollar bolup,
KÜŞTBAZLAR “Şu döwem düz!”. “Düz, ýene-de ahmyryna!”. “Dik, göreli, seň edişiňi!”. “Gel, “Görogly”! Arap Reýhanyň girisine ilen deý, tändirip göwereýin!”... Garaz, şuňa meňzeş gižži-gižžilije jümleler bilen, sagadyň üç bolannam duýman galaýypdyrlar. Günde-de şeýle. Ikisiniňem gözi pomidor lötüne gaçan mäşe dönen. Ertesem iş. Baý-baý-uw! Nirden ýolukd-aý, bü sadrançbazlyk keseli?! Soňky üç-dört
Öz işini açmak isleýän adam, onuň geljekde nähili boljakdygy barada göz öňüne getirýän bolsa gerek. Bu babatynda tejribeli telekeçileriň iň birinji ündeýän zady, biznes uzak möhletleýin bolmaly diýip hasaplaýarlar. Bir - iki gün ýa-da bir - iki ýyl üçin maýa inwestisiýa etmek ýa-da wagtyňy sarp etmek, gysga möhletli gazançdan başga hiç zat däl, elbetde gysga wagtyň içinde peýda alyp bilseňiz.
Ömrüň bir gün bolup giji Bar zatlaryň galmaz hiçi Gitmänkä ýigrimiň güýji Durulmajak badyň bolsun Belet bolgun şeýle hala Her gelen zar däldir nana Berip güler ýüz myhmana, Kalpda göwün şadyň bolsun Bu bir durmuş, senem adam Gaýgy bile gerek şadam Il adamy bolsaň mydam Ýakyndan ýeg ýadyň bolsun Urmankaň harama eliň, Haramyň soňuny göriň Dökensoň halaldan deriň, Yhlasa-myradyň bolsun Oguldyr
Boş ýatmagyn, ömriň ýaka Ýeterlik dälmi, şu çaka?! Kitap bilen durmuş oka Derman beýniň darlygyna Ataň bürgüt, eneň algyr Sen sag bolsaň, olar gurgyn Baky däldir, gider bir gün Etgin şükür barlygyna Alan şänigiň çyksa pak Hataň gözle, soňuna bak Şere çekme-de, haýyr tap Diýme maňlaý şorlugyna Arzuw kändir etjek bolsaň Gowsy etme, ýatjak bolsaň Daş ýollardan ötjek bolsaň Bakma ökjäň ýarygyna