Merhumlaryň syryny açan gijesi. Awtor: Şirhan Wepa işden ir geldi.Gelni Sähragül entek işinden gelmändir.Biraz oturandan soň Wepa Sähragüliň telefonyna jaň etdi,owadan sesli zenan Wepanyň aýlan belgisiniň öçükdigini,ýene bir azdan jaň edip görmegini aýtdy.Wepa aşhana girip kartoşka arassalamaga başlady,soňra sogan arassalady,soň et dograp ýene gelnine garaşdy.Daşardada güýçli ýagyş ýagyp
Kaka hakda Eje hakda kän goşgular düzüldi, Roman, oçerk, hekaýalar ýazyldy, Aýdymlar aýdyldy, sazlar çalyndy, Näme üçin kaka hakda beýle däl, Ynsanlarda şeýle sowal döreýär. Çagany iýdirse, geýdirse eje, Kaka şol zatlaryň gözbaşyn tapýar, Ol hakynda bir zat ýazmaly bolsa- Aljyrap ne bir söz, sözbaşy tapýaň. Duýgularyň ummanynda azaşyp, Näme ýazjagyňy bileňok asla, Kakaň ýowuz hem mähriban
Dymma sen! Tekrarlaýabilmen özge pikiri, Hem özge şahyrlañ şygyrlaryny. Hut sözleýşiñ içre duýmak isleýän Ruhuñ päl-niýetin,pygyllaryny, Ahmyryñ, ynanjyñ etsem-petsemiñ, Pynhan hyýallaryñ gül dänelerin. Gözden syzýanlara ýok garşylygym. (Olar kimin düşbi bolman bilerin) Bolanymda näme? Gyz göwni dälmi?! Dillenmeseñ mümkin yza tesmegim. Düşünäý barybir,eşdesim gelýär Zybanyñda sazlaşyşyn sesleriñ.
Kakyp geldim bu jahanyñ gapysyn, Maña-da berdiler nobat petegin. Garaşyp otyryn, öz ornum tutup, Gorkýanym, synagdan nädip öterin. Kän eken, nobatda duranlañ sany, Ýakyndan tanadym birnäçesini, Gyzygyp has içgin öwrenşenlerim, Nobat ýetdi. Taşlap gitdiler meni. Gyýyldym, gynandym, gidenlere men, Öwezini doldy, ýene kän kişi. Her gezek, gapy açylan wagty, Hoşlaşdym, hoşlaşman galanym ýagşy.
…1948-nji ýylyň 5-nji oktýabrynyň öýlänidi… Ýüzi mürşük-mürşük, bili bükülen, hor göwresi sähel şemala-da yrgyldap duran ene asyr bilen ýaşytdaş bolsa-da daşyndan görene: “büý-ä iki sapar togsan ýaşapdyr-ow” diýdirýärdi. Ýekedyz oturyp, geçen ýaz gyrkymyndan galan ýüňi darakdan geçirýän garry zenanyň aňynda başly-barat pikirler bir pursatlyk peýda bolýardylar-da derrewem ýitip gidýärdiler.
Haýran galýan: seniň düşen ýagdaýyňy asla özünde görmedik adamyň: "aý, seniňem ýagdaýyňa gowy düşünýän" diýşine... Haýran galýan: goşgynyň "G" harpyndan bihabar adamyň, "çyrşama" yazyp şahyr diýşine... Haýran galýan: dag ýaly kemçiligini görmän, çigit ýaly ösüşine monça bolýana... Haýran galýan: Watanyna bolan söýgüsi gursagna sygman, köçede gygyryp ýören
ÇINGIZ HAN WE ONUŇ ELGUŞY Ýaňy-ýakynda Gazagystanda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolanymda laçyn bilen aw awlanyşyna syn etmek miýesser etdi. Men bu ýerde «aw» sözüniň şu wakada ulanylyşynyň delillendirilişi barasyndaky gürrüňi uzaldyp oturmaýyn. Bu hadysada diňe tebigatyň bir tapgyrynyň amal edilýändigini belläp geçeýin. Ýanymda dilmajymyň ýokdugy başga bir ýagdaýda kynçylyk döredibem bilerdi,
PARS ÄHEŇLERINDEN Baryp şu gün bir serrapdan* soradym, Ýarym tümen näçe bolar rubldan? Läle jandyr meniň ömür soragym, Parsy dilde "söýýän" sözün tanat sen? Baryp şu gün bir serrapdan soradym, Ýelden ýumşak, sazdan şirin söz bilen. Läle jandyr ömür meniň soragym, "Posa" diýmek parsça niçik söz bolar? Ýene baryp şol serrapdan soradym, Kalpda gizläp ýygralygmy duýmany. Läle
IKI DAMAR Sorag-ideg bilen daýymlary tapdym. Daýymy çagakam görüpdim. Ejemiň hatyny gowşurdym. Okap boldy-da, diliniň üstüne biri münen ýaly, esli wagtlap dymdy. Näme sebäpden beýdendigine düşünmedim. Beýle agyr oýlara çümer ýaly esas ýokdy. Ol meni diňe işe ýerleşdiräýmelidi. Wessalam. Ol, ejem aýtmyşlaýyn, bir edaraň kethudasymyş. Ol bir haýukdan soň “bolýa-da” diýdi. “Daýyly oglan dartyk”
Herne seni gören wagtym Oýnap-gülseň, ynjalaryn Irde-giçde meniň bagtym Bolup gelseň ynjalaryn Sözleriňe tutup perde Goýma meni agyr derde Ýolda – yzda … ähli ýerde Ýada salsam ynjalaryn Aýytdyrman sözüň yzyn Diýjegime düşün özüň Kän çekdirip ýörmän näziň Ýarym bolsaň ynjalaryn Mençe söýen däldir Tahyr (Öwünjeň bor aşyk jahyl) Maksadyma ýetip ahyr Seni alsam ynjalaryn Kän gyzlara nazar aýlap