Her bir diliň özüne mahsus gurluşy bar. Käbir dilde sözler bir ýa-da iki bogunly bolup, örän gysga bolýar. Köp dilde sözüň yzyna ýa-da öňüne goşulma goşulmaýar. Dilleriň käbirinde bolsa, birnäçe sözi goşup, täze söz emele getirip bolýar. Dünýäniň dürli ýerlerinde goşma sözlerden emele gelen ýer-ýurt atlary bar. Bu atlar şeýle bir uzyn welin, ony şol dilde gepleýänler üçin hem aýtmak aňsat
Bilýäňmi näme, seň gelen günüň Ählije zat üýtgedipdi reňkini, Görküni senden alypdy göýä. Bu ýaşaýyş owadandy, ýagtydy. Göwnüme däl, men asmanda uçýan-da, Ähli kişä buşlap ýörün bagtymy. Şol günde güllerem tans oýnaýardy Çalaja öwüsýän güýzüň serginne. Baglaram pişme deý seçip ýapragyn, Toý tutýardy begenip doglan günüňe. Hawa, seň gelenňe üýtgäpdi adym Hemem gözlerime gözlük dakan deý Ýaşaýyşy
MAGTYMGULYNYŇ SYRLY SETIRLERI Harut-Marut atky iki perişde, Babyl guýusynda çaýa düşdüler. Ir döwürde, Harut-Marut atly iki perişde, ynsanlaryň ýerde gaty asyçylyk edýändiklerini dile getirip aýdypdyrlar. Hudaý tagala bu iki perişdä hatap edip "Eger sizi hem ýer ýüzündäki adamlar ýaly şehbet berilip dünýä inderilseňiz olardan hem ulurak asyçylyga ýüz urarsyňyz" diýýär. Olar: "Biz
ÝAZYJYNYŇ GÜNDELIGINDEN Döredijilik adamlarynyň käbiriniň hüý-häsiýeti gaty özboluşly. Olaryň iş wagtynda her hili ruhy halatda bolýanlary — aglaýanlary hem, öýkeleýänleri hem... bolýar. Meniň tanaýan döwürdeşlerimiňem örän geň gylyklylary bar. Şeýle-de döredijilik adamlaryny, agramyna garamazdan, iki topara — sada hem gedemräge bölmek bolar. Mysal üçin, Resul Gamzatow pespäl, sada, açyk. Çingiz