Статьи по выбранной дате

ATALAR ÝAŞ ÖLÝÄR

Şeýle bir tiz geçýär arzyly bahar, Arzyly güllerem diýseň tiz solýar. ...Biz olara uzak ömür dileýäs, Atalar ýaş ölýär, Örän ýaş ölýär. Ilkinji perzendi inensoň dünýä Müňläp duýgy peýda bolýar olarda. Aýy-güni ölçeglidir, ölçegli, Her sagady geçýär aladalarda. Birje zady peşgeş berse ogluna, Ikinji sowgada ýetişmän galýar. Şeýdip köýüp gidýär ýüzläp posalar, Atalar ýaş ölýär, Örän ýaş ölýär.

Dünýäm saňa!

Sen-ä menden uzaklaşýaň gitdikçe, Dünýämiň güllerem solýardy kem-kem. Göwräm sen tarapa dartylyp barsa, Kalbymam gaýtalap diýýärdi:”Sen-sen” Biziň ykbalymyz bir bolup biler, Ýöne aýry gelýär barýan ýolumyz. Ynha basym, bir gün, şeýle gün geler, Birleşer, deňleşer sagy-solumyz. Seni söýüp bir derde-hä ulaşdym, Bir-de bahar, bir-de tupan aňymda. Söýgüni bagş edip sapa berseň-de, Yzasynam
4