Статьи по выбранной дате

SURATÇY

SURATÇY Miniatýura Surata düşürýän adam ýerinde dur. Şäheriň merkezi. Etrabara gatnaýan awtobusdyr kiçi awtobuslaryň säginip geçýän esasy duralgalarynyň biri. Eýläň kiçi bolmadyk bazar, beýläňem atynyň öňünde oturan şahyryň heýkeli goýlan giň meýdança, has dogrusy -- seýilgäh. Ikisiniň arasyndanam uly, uzyn ýol ýazylyp, süýnüp ýatyr. Gyrarakda çep elini maňlaýyna tutup, gelmeli awtobusyna däl-de,

***

*** Kakamyň dutary, ýatyrmyň şindem Tozana basylyp garaňky burçda? Tarlaryň kakmaga höwesim ýok meň, Kakam ýaly däl men saňa hyruçda. Indi barmysyňam diýýän ýok, saňa Bu öýde bir kakam hyrydar bolan. Kalbymyň tary deý bir çak çalynyp, Indem sazandasyz undulyp galan. 05. 09. 2021. Mary

Gel, gowsy baryny başlaly başdan...

"Gel, gowsy baryny başlaly başdan" Aşyr Hanow ***** Gel, gowsy baryny başlaly başdan, Ýoklap gussalaryň düýni-ertesin Ýalňyzlygy aýryp, synlaly bile Geçen bagtly günleň kinolentasyn Gel, gowsy baryny başlaly başdan Syryp dünýämiziň gamgyn buludyn, Ýöne urýan ýürek kiçidir welin, Söýen ýürek köp zatlardan uludyr Gel, gowsy baryny başlaly başdan Ýeke ýalan bolsa, biz ony bogsak Çaga