Maňa berilipdir täsin bir ýürek Ony gam gussadan goramak gerek Pikirlermi her ýan ýaýmana derek Aýdyp bilmän ýalňyz galmakdan gorkýan Ýowuz dünýä aýra salsa ýazlardan Gülkiden şatlykdan aýdym sazlardan Ene atamdan doganlardan dostlardan Ömür boýy aýra bolmakdan gorkýan Bir gün aşyk bolsam bir gözel gyza Söýýänligim aýtsam men çöküp dyza Ol hem goýup gitse seretmän yza Şonda güýz dek saralyp
Geçdigiçe geň göremok, Adamlaryň haýrany kän Tagam dadyp ýalanlardan, Sakgyç edip çeýnäni kän Gury ýerden iş bitenok, Hantamadyr kömek eden Bir gün meni taşlar diýip, Gorkup ýörün kölegeden Kelleleriň poslany hiç, Batgalykda düşünjeler Iki juwan gürrüňinde, Üç müň sözde müň ejeler Gülkinç görnen haýranlarma, Durmuş meni iterip ýör G:aljak bolup, çöp göwrede, Daýawlary göterip ýör
BU DÜNÝÄ Men dünýäniň syrlaryny gözledim, Tomus yssylanda, üşände gyşlar. Ak jahany pähmidara dözmedim, Duýgularmy elesletdi ýalňyşlar. Bu bir çözülmedik arifmetika, Sen bolsa henizem pikire çümýäň. Biziň kimligmizi bilip ýörse-de, Özüni hiç tanadanok bu dünýä. NURGÖZEL AKMYRADOWA