Ömür hasabyndan gädip bir ýaşy, Gör, ýene dünýäme gyş geldi eje. Hyýalbent arzuwlam, sowaşan duýgym, Kalbymyñ gapysyn kakyp dur gije . Başarsam daş durup iren duýgymdan, Gyşyñ gary deýin sowaşjak bolýan. Şygrym bilen ýyldyp üşän kalbymy, Ownuk dertler bilen oñuşjak bolýan. Eje, ýylat meni mähriñe çoýda, Duýaýyn päk kalbyñ bahar ýazyny. Şonda ejizletmez sowuk nazaram, Gyşyñ añzagynda doglan
Özümi mydama aldawa salýan, Tekrarlap ýagdaýmyň oňatlygyny "Göz üçinem" galyň geýinen bolýan, Aýyrman dünýämiň doňaklygyny Sen kem-kemden uzaklaşýaň, haýaldan, ünjä berip gursagymyň çar ýanyn Ýöne ilki arzuwlardan, hyýaldan, Eräp gitdiň bir gysymlyk gar ýaly Seret, ýene gar ýagýar-a söwdügim Ümür bilen kütek gözler garjaýar Senli doly ýatlamalaň sandygyn, Güýzde ýagyş, gyşda garlar
Dekabr. Gos-goýy asmandan ýere Aýaza bäs gelmän inýär akja gar. Ap-ak zemin ümsümligne hiňlenip, Gursagymda duýgularym ykjaýar. Ak gar armanyma duz sepeleýär, Serime getirýär ýatlamalary. Bilýän, belki, küýseýänem dälsiň sen, Isleýänem dälsiň ýatlanaryňy. Men bolsa henizem senli oýlarda, Henizem şo-ol seni ezizläp ýörşüm. Bagyşla, bir pursat unudan bolsam, Diýme düýşe girip: “Ejizläp ýörsüň...”
Ne-hä öziň gelýäň ne habarlaşýaň, Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip,, Ýakynlaşma derek barha daşlaşýaň Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip. Bag-bakjamyň güllerini s:araldyp, Gaşyň çytyp, älem ýüzin ç:alardyp. Ýüregiň gysdyryp, dünýäm d:araldyp, Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip.. Gündiz kuýaş, mahy-tabanym gije, Gözleseň köňle nur, güýç goşýaň güýje, Birdenem b:ar zady çykaryp puja, Ýitip gidiberýäň