Статьи по выбранной дате

Gije...

Gitmez diýenlerim birwagt gitdiler, Zyňyşdyryp üste gussadyr, ahy Gije ýatmazlyga mejbur etdiler, Ölen duýgularmyň aýlanyp ruhy Olaň ölmine-de özüm sebäpkär, Şonuň üçin ar alýarlar gijeler Tümlik gurşan kalbym sensiz kereplän, Hem yzaly ýaralarym güýjelen Günleň eleginde elenip ömrüm, Parhyny tapmady - pikrini seriň Gussadan saplansyn hoşgylaw göwnüm, Maňa-da şatlykdan bölejik beriň...! Ylham
3

Kellagyry

Kellagyry Her kim ömrüniň belli bir döwründe iň bolmanda gysga wagtda kelle agyryny başdan geçirýär. Abraýly Amerikan instituty tarapyndan geçirilen gözlegde şikaýat eden dört adamdan üçüsiniň soňky ýylda azyndan bir gezek kelle agyrylaryndan zeýrenýändigi anyklandy. Kellagyry, üns merkezinde saklanmaly şikaýatdyr we biperwaý garaýyş çynlakaý kynçylyklara sebäp bolup biler. Kellagyrylaryň dürli

Barybir seni saýlaryn...

Bagta itip ýalňyz güni Barybir seni saýlaryn Ökündirip ýalňyzlygy, Barybir seni saýlaryn. Bir üýtgeşik ahwal bilen, Ýörün arş-u-asman bilen Uruş edip ykbal bilen, Barybir seni saýlaryn. Arzuwlarmy atsalaram, Umytlarmy ütselerem Iýse iýsin gussalaram, Barybir seni saýlaryn. Meňzäp güýzüň ýapragyna, Razy yşgyň ýakmagyna Garylýançam topragyma, Barybir seni saýlaryn. Ylham GURBANALYÝEW