Статьи по выбранной дате

Gül ýüzüňde gam görmäýin!

Durmuş kä giň, käte gedem, Biler onuň ýolun geçen. Ýylgyrsana, käbäm ejem, Gül ýüzüňde gam görmäýin! Çykyp muhabbet baýryňa, Bilmen arzuwdan aýryla, Hemme zat bolar haýryna, Gözleriňde gam görmäýin! Köňlüm ýuwar çygsyz ýagyş, Etsem-de, hatasyz ýalňyş, Günler geçer, geler ýaz-gyş, Gül ýüzüňde gam görmäýin! Kalba şatlyk donun geý sen, Ýykar gaýgy-gussa eýsem, Gelinmez ýere gidäýsem, Gözleriňde gam

Men bagt diýlende şoňa düşünýän...

Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana Bagtyň asyl manysyna düşünmän Janym sagat, demim rahat alýan-a Men bagt diýlende şoňa düşünýän Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp Nebsine haý diýmän, serhetden ozup Hanha otyr ejem-kakam çaý süzüp, Men bagt diýlende şoňa düşünýän Saklap bilsem abraýymy, şanymy Ilim üçin gaýgyrmasam barymy Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy Men bagt diýlende şoňa düşünýän Belli dälem
4

Köne suratlary dikeldeýin diýseňiz...

Suratlar ynsan ömrüniň bellibir döwrüni, bagtly pursatlaryny hemişelik saklaýan ýadygärliklerdir. Wagtyň geçmegi bilen, çap edilen suratlar hem zaýalanmak, zeperlenmek bilen bolýar. Olary indi döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen düzedip, arassalap bolýar. Internet ulgamynda şeýle programmalaryň birnäçesi işleýär. Şolaryň esasylary hökmünde şu aşakdakylar öňe çykýar: Retouch Pilot Lite. AKVIS
2

Sen maña ýalan ber!

Sen maña ýalan ber! Ýyljajyk ýalan, Mähirden püre-pür ýalan, Mylaýym ýalan. Söýgiden ýanan, Yşga çoýunan Bir galandar Ýalan ber maña. Sen maña ýalan ber! Uçgunly ýalan, Ýüregi o:t alan ýalan, Bekeşen ýalan. Galplygy synan, Kalbyña ynam Bir ýekeje Ýalan ber maña. Men seniñ ýalanyñ gujagma basyp, Uklaýyn ynamyñ düýşümden asyp. Şyhnazar Durdyýew.