Öňünde belent dag, serinde duman, Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň; Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara, Akar boz bulanyp sili Gürgeniň. Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly, Gözelleri bardyr altyn-kümüşli Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli, Argaly gäw bolar maly Gürgeniň. Hatarlanyp duran iner, maýalar, Agyr bezirgenler, tuçjar eýeler, Seňrikläp, abanyp duran gaýalar, Öňi-ardy sagy-soly Gürgeniň.
Microsoft korporasiýasy «Netflix» wideohyzmat ulgamyny satyn almagy meýilleşdirýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Habara laýyklykda, geleşigiň bahasy 190 milliard dollara deň bolar. Geleşik öňdäki ýylda resmi taýdan yglan ediler. «Microsoft» ady tutulan serwisi satyn almak bilen, öz enjamlarynda oýunlaryň akymlaýyn berlişini hödürlemekçi. Korporasiýa ýerine ýetiriji direktor wezipesine sekiz ýyl
250 gr mesge 250 gr ownuk tworog 300 gr un ⅓ çaý çemçesi hamyr tozy 4 nahar çemçesi şeker 1) Otag ýylylygynda ýumşadylan mesgäni we tworogy bir gaba atyp, tagta çemçe bilen garmaly. Garyndynyň üstüne un we hamyr tozuny guýup, ýumşak hamyr etmeli. 2) Hamyry eliň aýasynda togalamaly we 5-6 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyrdan bulgur bilen (8 sm) tegelejikler kesmeli. Hamyr kesilende galan
Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda dünýä inip, çagalygyndan ýetim galýar. 1925-nji ýylda ýaňy ýedi ýaşyny dolduran Saçlyny özünden bir ýaş uly gyz dogany Çeper bilen bir ýaş ýigit Aşgabadyň çagalar öýüne alyp gelýär. Büzmeýinde bu ýetim galan çagalara hossarlyk edip, olary çagalar öýüne getiren ýaş ýigit soň-soňlar meşhur ýazyjy bolup ýetişen Ata Gowşudowdy. Bu iki çaganyň öz kakalarynyň atlaryny
Özbaşyna ýaşap ýören dünýedim Dogrydym men. Hem kejirdim. Keçjaldym Gurşap durka daşym - imi-salalyk, Öz içimi ýonup ýören neçjardym Mynçgalap durka ýüregimi ünji, Şadyrhorram gezip ýören ýalydym Göýäki men, Ýer şarynda ýeketäk, Ýalňyzlygyň aýrylmajak ýarydym Meýin içip yşgyň, sermest halatym Başarmadym ötenleri saýpallap Wagtlaýyn hyýalda kosmasa uçdum, Hakykatda gezdim-ýördim pelpelläp Sabyra
Ýüregim, ýok günä mende, Beýdip alma meniň hezlim. Dünýä saňa ýerleşende Sen giň dünýä ýerleşmezmiň? Gujagymda göterdim men Seni ylla bäbejik deý. Seni diňdirip biler men Näm edip heý, näm edip heý!? Kişşik, kişşik bäbejigim: Söýgi ýüzün sowsa eger Ýaşar ýörär adam ogly, Diňe ýetim galar jiger. Meniň bagrymy diler sen, Aglama sen bäbejik deý. Seni diňdirip biler men Näm edip heý, näm edip heý!?
Partamyñ üstünde duran ak telpekdir, ýuka dony gören Abdyllanyñ gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. - Aýaz babañ eşigi. Wah, men pañkelle eşigi ýygnamagy unutsam nätjek? Gel, indi bu çagalañ soraglarynyñ astyndan çykyp bilseñ çyk-da. - Mollum, kim Aýaz baba bolýar-aý? - diýip, Ejegyz bilesigeliji nazarlaryny ýüzüme gönükdirdi. Men ör-gökden gelen kişi boldum. - A, gyz, goýaweri, hiç kimem Aýaz