Señ gaharly wagtyñ, gaharly menem, Sen ýylgyran wagtyñ, ýylgyryş dogýar, Eger pikirlermiz çapraz geläýse, Dymýan, Kä ýöneje ýylgyryp oñýan. Sende mähirem kän, mertligem kän, Gepleri diñlemek seniñ deñiñ däl, Bir zat päsgel berýär, olam owaldan, Gyz bolup dogulan ejizligiñ-dä. Çözüm kän ykbala siñe garasañ, ,Çykalga ýok" diýme, dertdeşiñ men, Köp zat niýetiñe, päliñe görä, Ýeñilme durmuşyñ
Salam saýtdaşjanjagazlar! Näilli onnoň gowjamy baryňyz?! ???
Ot ýakdym, közüne çoýundym biraz, Şol geçen günlerim ýadyma düşdi. Ýatlaýandyr öýtme, unutdym, ýöne, Ant içen günleriň ýadyma düşdi. Bir-biregi mähir bilen çoýuşup, Özümizi Zöhre-Tahyr saýyşyp, Arzuw ummanynda bile gaýyşyp, Dür seçen günlerim ýadyma düşdi. Porhan bolup, agynaklap çägede, Unudupdyk, edep diýlen däbi-de, Bir pursatlyk ýaşaýyşdan säginip, Leb guçan günlerim ýadyma düşdi. Ynamymy
Talyplar okuw sapaklarynyň sanawyna täze bir dersiň girizilendigini gördüler. Ol logika ylmydy. Derse bir garry professoryň girmegine garaşylýardy. Ine, ilkinji sapagam başlady. Talyplaryň biri mugallyma ýüzlendi: – Hormatly professor, logika bize nämäni öwredýär? Ilki şuny düşündirip berseňiz… Professor özüne şübhe bilen bakýan talyplara: – Logika ylmynyň ynsanlaryň dünýägaraýşyna edýän
Amerika diýlende, ilki bilen «Azatlyk heýkeli» göz öňüňe gelýär. «Azatlyk heýkeli» - dünýäniň iň meşhur heýkelleriniň biridir. Onda köp sanly gurluşyk we binagärlik taýdan gyzykly maglumatlar ýatyr. Geliň, olar baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň! «Azatlyk heýkeli»-niň resmi ady «Dünýäni ýagtylandyrýan azatlyk» diýlip atlandyrylýar. Ol ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki «Liberty» adasynda ýerleşýän
Ummanlar alymlar üçin entegem uly syr bolup galýar. Ummanlar köp gudratlaryň mekanydyr. Bularyň arasynda iň meşhury, dünýäniň iň çuň ýeri hasaplanylýan Mariana çöketligidir. 147 ýyl ozal Iňlis gämisi «HMS Challenger» tarapyndan açylan bu çukur çöketlik şondan bäri müňlerçe ylmy gözlegleriň mowzugy boldy. Şu wagta çenli diňe birnäçe adamyň we gözleg ulaglarynyň ýetip bilmedik bu çöketligi dünýäniň
Yrymlar, ähli dinde we halkda bar bolup, dürli görnüşlerde duş gelýär. Yrymlar - weliliklere esaslanýan ynançlardyr. Yrymlar ýa-da ynançlar – bilimsizlikden, ylmy we tebigy hadysalara ýalňyş (nädogry) düşünmekden, ykbala ýa-da jada (palçylyga) ynanmakdan, bilinmeýän zatlar bilen baglanyşykly nämälim gorkudan döreýän amallardyr. Ine, halk arasynda giňden ýaýran yrymlar: Oda suw dökmek: Dürli
Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryny okadýan mugallymlaryň biri okuwçylaryna özleriniň isleg-arzuwy, geljekde kim bolmak isleýändikleri barada düzme ýazmagy tabşyrypdyr. Sapak gutarandan soňra, mugallym okuwçylaryň ýazan düzmelerini öýde okamak üçin ýany bilen alyp gaýdypdyr. Okuwçylaryň ýazan her bir düzmesi mugallyma ýiti täsir edipdir. Olaryň arzuwlary, islegleri sadadan aýdyň, şol bir wagtda hem
Sen meniň çagalyk dostumam däl, klasdaşymam, kursdaşymam däl, obadaşymam. Hatda işdeşimem däl sen. Ýakyn-u-uzak garyndaşlygymyzam ýok. Saý-sebäp bilen birek-biregem ýaňy tanadyk. Ýöne sen şonda-da maňa hemmelerden ýakyn, mähriban. Käbir dini maglumatlarda “Adam bu barlyga azyndan 6-7 gezek gelip, her döwürde her tüýsli ýaşap geçermiş” diýen düşünje bar. Meniň üçin, megerem, bu düşünje dogry
Tanadyňmy meni, aýtsana?! Göwni joşgun bahar-da men. Gül yşgynda, gün yşgynda, Saýrak dilli Bilbil-dä men. Ummanlarda ýüzüp ýören Bir dymmaja balyk-da men. Sebäp tapsam öýkelegen, Çaga ýaly lälik-dä men. Söýýän obamyň säherin, Garagumly Garagyz men. Kalbynda gussa ornaşan Her ýapragy sary Güýz men. Käte uçýan guşlar ýaly Gunça açýan gürletseler. Söýýän mährem ynsanlary, Ýürekdeş men syrlaşsalar.